Jemgyýetçilik işgäri
Hemişe bolşy ýaly (Tymsal)
1 minut alar
Gagym döwürde Günorta Gresiýadaky Lakoniýa diýlen ýurtda ýaşan lakonlar (olara şol ýerdäki şäher-döwletiň ady boýunça spartalylar hem diýilýär) örän merdanalygy, sada durmuş ýörelgesi hem-de iňňän ýowuz tälim-terbiýesi bilen tapawutlanypdyrlar.
Lakonlaryň ýene bir häsiýetli aýratynlygy – az sözlülik bolan. Olar öz pikir-duýgularyny gysgadan manyly jümlä sygdyrypdyrlar, jogaplary bolsa birki sözden ybarat bolupdyr. “Daş heýkeller hem biziň ogullarymyzdan köp gürleýändirler” diýip, spartaly gojalar degişer ekenler. Häzirki wagtda hem çöp döwen ýaly gysga we anyk jogaba “lakonik jogap” diýilýär.
Haýsydyr bir ýurduň ilçisi lakonlara uzyn-uzak nutuk bilen ýüz tutsa, olar “Sözüň ahyryna ýetýänçäň başy ýadymyzdan çykdy, bize aýtjak zadyňy gyzga aýt!” diýip talap edýän ekenler.
Isgender Zülkarneýniň atasy, Makedaniýanyň patyşasy Pilkus (Filippus) lakonlaryň bu häsiýetine belet eken. Bütin Gresiýany basyp alan Pilkus boýun egmezek Lakoniýa garşy güýç ulanmazdan öň olara abaý-syýasat etmegi ýüregine düwüp, şeýle buýruk beripdir:
– Lakonlara bolsa şeýle gysgajyk hat ýollaň: “Leşger dartyp, ýurduňyzy alsam, oba-şäherleriňizi ýere ýegsan etjekdigime şek-şübhe ýokdur!”
Lakonlardan bu gezegem adatdaky ýaly gysgadan aýdyň manyly jogap gelip gowşupdyr:
“Alsaň!”