Teswirler (1)

Ýüklenýär...

Halkyň garyplygy biziň garyplygymyz, halkyň baýlygy biziň baýlygymyzdyr

1 minut alar

4-nji asyryň ahyrynda Ýaponiýada tagta çykan imperator Nintoku beýik minara çykyp, ýurduna seredýär. Bulutlara tarap bir tüsse hem çykmaýandygyny görýär, halkynyň garyplyga düşendigini we şonuň üçin hiç kim öz öýünde tüwi(palow,bürünç) bişirip bilmeýärdigini aňýar.Derrew karar çykaran Nintoku halkyna diňe üç ýyllap özleri üçin işlemegi buýurýar. Hatda köşkde işleýänleri hem öýlerine iberýär. Diňe özleri üçin işleýän halk, üç ýylyň ahyrynda garyplykdan dynýarlar we bolçulyga eýe bolýarlar..Nintoku minara çykýar,hemme ýerde ýakylýan ojaklary görüp, gapdalyndaky aýalyna begenip: "Indi Bay biz" diýýär.Şa aýaly bolsa,3ýyllap dowam eden idegsizlikden ýaňa her burçy könelen,üșegi gopan(şypry döwik we ş.m) gülleri solan köşgi görkezip" Sen muňa baýlyk diýýärmiň"diýýär.Nintokunyň beren jogaby, asyrlar boýy ýaponlaryň aklyndan çykmaýar: "Halkyň garyplygy biziň garyplygymyz, halkyň baýlygy biziň baýlygymyzdyr."

33 |