Goşgy söz beripdim
1 minut alar
ELLI BÄŞ ÝAŞ
Men bir perde-de däl,
Ýa düzülen goşa tar.
Nämüçin maňa basýarsyň?
Kakýarsyň maňa?
Elli bäş ýaşadym,
Şeýle-de dert kän.
Ýa sen,
Eger, gyş güni ölsem,
Tabydym üste ýagsa gar,
Meni guburyma äkitmän,
Ondanam islärmiň owaz?
Eşdilmedik, diňlenmedik owazy,
Aýazda açylan güli islärmiň?
Ejizje ýüregmi şunça ýyl,
Ezenim azmy?
Gyssaýarsyň, gyssaýarsyň, gyssaýaň,
Bar mülkümi dökmedimmi öňüňe?
Bu gün ony özümdenem gysganýaň.
Ejemiň gujagna gelemde aglap,
Başgalaryň emýän süýdüne derek,
Ýa berdiňmi maňa daňyň sazyny,
Şindem gideňok depämden.
Niçik-de bolsa ýegdirin,
Depeläriňden...
Elli bäş ýaşadym.
Tomusda, ýazda-da, gyş günler-ä has,
Uzady gijelem gündizlerimden,
Deňine göterip guşlaryň,
Okladyň-da gapmadyň,
Bolmasyn diýdiňmi halas –
Öňümdäki ak kagyzy ýapmadyň.
Men bolsa gorkýaryn, şeýle gorkýaryn,
Ters owazy çykarmakdan,
Düzülmedik kirşleri deý dutaryň.
ALADAŇDANDAN
Barýan şähere barýan,
Aladaňdan.
Barýan sähere barýan,
Aladaňdandan
Niýetim, pälim oňat,
Aladaňdandan
Gelsin maňa kanagat
Aladaňdandan
Ýok, bagtymy gözlämok,
Aladaňdandan
Özüm ilden gizlämok,
Aladaňdandan
Hiç kimseden närazy däl,
Aladaňdandan
Bir özümden razy däl,
Aladaňdandan.
IL BILEN BOLMAK
Käwagt bir gezek mähirden gansam,
Käwagt bir gezek bir özüm galsam,
Käwagt bir gezek tütesem, ýansam,
Käwagt bir gezek gollarym ýaýsam.
Galan wagtym bolsa il bilen bolsam...