Germaniýada magistratura (Master’s degree) derejesini okamagyň usullary
5 minut alar
Bellik: Makalanyň asyl nusgasy Penjire arkaly Medium.com-da çap edildi: https://medium.com/penjire/germaniýada-magistratura-masters-degree-derejesini-okamagyň-usullary-b2355206ced4
Salam gadyrdan ildeşler! Geçen hepde okuw otagymda çaý owurtlap, ertire ýetişdirmeli hat-peteklere syn edip otyrkam, tanyşlarymdan biri menden Germaniýada magistratura okamak barada maslahat sorady. Soňky 2 aýyň içinde bu hakda maňa berlen soragyň onunjysydy. Ildeşlerimden beýle gyzyklanmany ýygy-ýygydan almagym diýseň begendirdi we bu pursatdan peýdalanyp türkmen dilinde makala ýazmaga karar berdim.
Bremen, Germaniýa
Häzir men Germaniýanyň Bremen şäherinde magistratura derejesinde okaýaryn. Şol sebäpli bu makala esasan masterlik derejesine üns berer. Bakalawr, kollej /orta mekdep, nemes dili kurslary barada heniz anyk maglumatym ýok, emma nesip bolsa gelejekki ýazgylarymda siziň bilen paýlaşmakçy. Bu makala 5 ädimden ybarat:
- Okuwlar we ugurlar hakynda maglumat edinmek
- Dokumentleri ýygnamak
- Okuwlara ýüz tutmak (application)
- Jogaba garaşmak
- Okuwa kabul edileniňizden soň wiza tabşyrmak
Men ilki size Germaniýadaky uniwersitetler hakynda gysgaça maglumat bermek isleýärin. Germaniýada Uniwersitetleriň sany 300-e ýakyn bolup, olar döwlet we hususy edaralar tarapyndan ýöredilyär. Bularyň aglaba bölegi döwlet uniwersitetlerinden ybarat bolup, olaryň ortaça 1 semesterlik bahasy 100–500 € arasydyr. (2018-nji ýyldan bäri Baden-Wurttemberg ştatyndaky okuw tölegleri 1500 € çenli ýokarlandyryldy). Nemes dilini bilmeýän bolsaňyz hem zyýany ýok, çünki iňlis dilinde okadylýan ýüzlerçe programma tapyp bilersiňiz.
1. Okuwlar we ugurlar hakynda maglumat edinmek
Siziň ilkinji etmeli işiňiz Germaniýadaky okuwlar we bölümler bilen tanyşmak. Uniwersitetler 2 sany semestere bölünýär. Birinjisi Winter Semester (Gyş semesteri), 1-nji Oktýabrdan 31-nji Marta çenli dowam edýär. Ikinjisi Summer Semester (Tomus semesteri), 1-nji Apreldan Sentýabr aýyna çenli dowam edýär. Käbir Uniwersitetler diňe Gyş semesterinde okuwa kabul alýan bolsa, käbirleri diňe tomus semestirinden başlaýana hem kabul edip biler, beýlekiler bolsa iki semester üçin hem kabul edip biler. Okuw programmalaryny gözläniňizde size iňňän uly kömegi degjek web sahypasy:
DAAD - International Programmes - Homepage
Ýokarky suratda görşüňiz ýaly, bu ýerde haýsy derejäni (bakalawr, master, doktor) almak isleýäniňizi saýlap, haýsy bölüm we dilde okajagyňyzy ýazýaňyz. Mundan soň, saýlan kriteriýalaryňyza görä uniwersitetlerin sanawy çykar. Siz ol ýerden göwnüňize ýaran okuwy we programmany saýlanyňyzda, size gerek ähli maglumatlary (deadline ýa-da soňky möhleti, gerekli resminamalar, okuwyň tölegi we ş.m.) tapyp bilersiňiz. Meniň maslahatym, maglumatlary öwreneniňizden soň, okuwyň öz web sahypasyny hem aýratyn barlap, täzeden deňeşdirip görüň, sebäbi käwagt möhletli datalar okuwyň öz saýtynda üýtgäp biler. Size başdaky linki bermegimiň maksady umuman Germaniýadaky hemme okuwlaryň haýsy programma boýunça ders berýänini tiz bilip, siziň işiňizi ýeňilleşdirmek.
Ilkinji öwrenmeli zadyňyz deadline (okuwa dokumentleriňizi tabşyrmak üçin soňky gün). Umaman alanymyzda käbir okuwlaryňky Ýanwar aýynda gutaryan bolsa, başgalary Fewral, Mart, hat-da Iýula çenli uzap bilýär. Mundan daşary, köpsanly okuwlaryň soňky möhleti Ýewropa Bilelişiginde okaýanlar üçin gijirak edilip, beýleki daşary ýurtlylar üçin ir edýärler. Meselem, daşary ýurtlylar üçin Fewral, Ýewropalylar üçin Iyun aýynda bolup bilýär, şol sebäpli deadline senesine ünsli seretmegiňizi ündeýärin.
2. Dokumentleri ýygnamak
Indiki ädim, haýsy dokumentleriň gerekdigini öwrenip, ýygnap başlamak. Bakalawr derejäňiziň soňky ýylynda bolsaňyz, terjimehalyňyz (transcript) bilen arkaýyn tabşyryp bilersiňiz. Mundan başga möhüm gerek zatlaryň biri iňlis dilini bilyändigiňiz baradaky subutnama. Muny subut etmegiň birnäçe usullary bar:
- IELTS — eger inžinerlik okaýan bolsaňyz 6.0 hem ýeterlik bolup bilýar. Eger aragatnaşyk ylymlary (communication, social sciences) bolsa, 6.5 we ondan ýokary islärler.
- TOEFL — munuň kriteriýasy hem IELTS ýaly. 79-dan ýokary bal alsaňyz has gowy bolar.
- (Bu meniň in halaýan usulym we arasynda in aňsady.) Siz bakalawr derejäňizi 100% inlisçe gutaran bolsaňyz köp uniwersitetler şony kabul edýärler. Ýöne, has takyk anyklamak üçin gönümel okuwyň özi bilen e-mail arkaly habarlaşsaňyz jaýdar bolar. Eger bolümiňiz inlisçe bolsa, siziň transcript-iňizde ýazylar we şony görkezip bilersiňiz.
IELTS, TOEFL meselesinde her okuwyň isleýän mukdary biri birinden tapawutly. Meselem “Uniwersitet A” IELTS 6.0 isleýän bolsa, “Uniwersitet B” 6.5 isläp bilýär. Synagyň özüne bolsa, siz eýýäm okuwa dokument tabşyrmaga 2–3 aý galanda, öñünden girseňiz has gowy bolar (Synagyň tölegi 150–250 $ arasynda bolup, haýsy ýurtda girýäniňize görä üýtgeýär). Herhal okuw bilen habarlaşyp anyklamaly, sebäbi käbir (!) okuwlar deadline geçenson hem IELTS/TOEFL kabul edip bilyär.
Indiki möhüm dokumentler: CV (özüňiz hakynda gysgaça beýannama. Meniň maslahatym Europass formatyndan taýýarlamak) we motivation letter (näme sebäpli şol okuwa ýa-da şol bölüme tabşyrýanlygyňyz barada ýazmaly)
Europass format CV: https://europass.cedefop.europa.eu/documents/curriculum-vitae
Okuwa dokument ugradanyňyzda olar sizden hatlaryňyzy notariýusdan geçirmegiňizi hem isläp bilerler. Bu ýagdaýda, galýan yeriňizdäki iň ýakyn Nemes ilçihanasyna gidip, dokumendiň asyl nusgasyny görkezip kopiýasyna möhür basdyryp bilersiňiz. Eger bakalawr derejaňizi Türkmenistanda — Türkmen dilinde okan bolsaňyz, onda ilki bilen hemme dokumentleriňizi iňlis ýa-da nemes diline resmi taýdan dahylly (litsenziýasy) bolan edarada terjime etdirmeli bolýaňyz.
3. Okuwlara ýüz tutmak
Indiki ädim okuwa ýüz tutmak (application). Onun birnäçe usullary bar. Aşakdaky ýazjak usullarymyň haýsyny etmelidigini her Uniwersitetiň özi çözýär, ýagny her Uniwersitetiň öz kriteriýalary bolýar. Meselem:
- In aňsat ýoly okuwyň göni öz websaýtyn-dan online tabşyrmak.
- Hem online, hem-de poçtaň üsti bilen okuwyň özüne dokumentleri ugratmak (köp okuwlar ikisini birlikde etmegiňizi isleýär). Poçtadan ugradanyňyzda deadline-dan öň barar ýaly ir alada edip başlamaly.
- Uni-assist arkaly. Bul aýratyn bir sistema bolup, siz uni-assista dokumentleriňizi ugradýaňyz, olar dokumentleri süzgüçden (filtrden) geçirip dogrumy yalňyşdygyny kesgitleýär. Hernäçe owadan görünse-de, ýeri gelende bu hyzmat tölegli. Ilkinji ugradan uniwersitetiňiz üçin €75 töläp, beýlekileriň hemmesine €15-dan tölemeli. Köp uniwersitetler diňe uni-assist üstünden resminama tabşyrmagyňyzy hem isläp biler.
4. Jogaba garaşmak
Dokumendiňizi üstünlikli ugradanyňyzdan soň, sabyr bilen garaşaýmak galýar! Bu birnäçe wagt alar (1 aýdan 4 aýa çenli). Menden sorasaňyz-a iň az 3–4 uniwersitete tabşyryp görüň. Eger hemmesinden kabul edilseňiz, beýlekileri kabul etmän bilersiňiz.
Berekella, okuwa kabul edildiňiz!
5. Okuwa kabul edileniňizden soň wiza tabşyrmak
Sag-aman soňky basgançagymyza-da ýetdik! Tutuş dowamatyň (prosesiň) iň kyn ädimi Germaniýa döwletine visa almak. Eger okuwyňyz Oktýabrda başlaýan bolsa iň azyndan 3 aý (!) öňünden viza işlerine başlaň, aňsat ýaly görünse-de, gaty köp der dökmegi talap edýär. Talyp vizasyny (Type D wizasy) almak üçin gerekli dokumentleri aşakdaky linkden görüp bilersiňiz:
https://aschgabat.diplo.de/tm-ru/service/05-VisaEinreise/-/1437408
Wiza prosesi hakynda giňişleýin maglumaty indiki makalamda okap bilersiňiz. Şeýle hem, öňümizdäki hepdelerde nesip bolsa DAAD stipendiyasy, Germaniýada okuwçy wagtyň ýarym wagtlaýyn (part-time) işlemek, umumy ýaşaýyş jaýynda student bolup ýaşamak üçin çykdajylar hakynda aýratyn makala ýazmagy meýilleşdirýärin.
Höwesli ýaş ildeşlerimiz, siziň bu basgançaklary üstünlikli geçjekdigiňize şüphäm ýok! Şowlulyk ýaranyňyz bolsun! Aşakda size peýdaly boljak websaýt-laryň linklerini goýup, şu wagtlykça hoşlaşýaryn!
Linkler:
- https://www.study-in.de/en/
- https://www.mastersportal.com/countries/11/germany.html
- https://www.daad.de/deutschland/studienangebote/international-programmes/en/
- https://www.uni-assist.de/en/
- https://aschgabat.diplo.de/tm-ru/service/05-VisaEinreise/-/1437408
- https://europass.cedefop.europa.eu/documents/curriculum-vitae