Geljek üçin motiwasiýa
2 minut alar
«Men hiç wagt geljek hakynda pikir etmedim, geljek ýeterlik çalt gelýär” diýýär Albert Eýnşteýn. Men bolsa dünýäniň däl-de öz gelejegimiň aladasynda. Näme bolaryn? Näme işlärin? Nirede bolaryn? Geljegim bolarmy? Bolsa nähili geljegim bolar? Nähili maşgala, nähili kariýera eýe bolaryn? Munuň üçin nirden başlamaly? Ýa-da asyl başlamak hökmanmy? Başlangyç eýýäm başlananmy?.. Ýene müňlerçe we müňlerçe soraglar... Bu soraglara öz ýaşap ýören durmuşym bilen, geljegim bilen, geçmiş tejribäm we durmuşdaky bar bolan arzuwlarym bilen jogap bermelidigimi bilýärin.
30 ýyllyk plan düzsem, 30 ýyl ýaşajagym bir bellimi? Ýa-da ertire çykjagym? Her gün şeý diýýän, ýene ýaşaýan. Ýene plan düzemok, ýene ýaşaýan. Hamala diýersiň, Murphy kanunlaryndaky ýaly, planymy düzüp tamamlanymda eýýäm ömrüm soňlanaýjak ýaly... Bu dogrymy?! Meň pikirimçe dogry. Durmuş, adam, pikirleri, kynçylyklary, başyndan geçirenleri, gaýgy-aladalary, etsem-petsemleri, şeýde-şeýde geçip gidýär ynsan ömri...Hany nirede?!-Ol dünýäni almagy maksat edinen Isgenderler, nirede, ol gazap atyny atlanyp ähli ýeri ýer bilen ýegsan eden Çingizler, nirede, ol beýnisi bilen ajaýyplyklary döredip, adamzadyň aňkasyny aşyryp giden Albertler, elektrigi adam eli bilen döredip, isledigiçe ýyldyrym çakdyryp bilýän Nikolalar, nirede, ol dünýäniň taryhdaky iň barlykly adamy bolup tutuş Afrikany elinde saklan Mansa Musalar, nirede, ol bütin dünýä Apple-i tanadan, tehnologiýany trend etmegi başaran geniýler, Steve Jobslar…hany nirede...
Men aýdaýyn nirededigini, olar siziň aňyňyzda. Görýäňizmi, häzirem ýatlanar derejede yz goýup gidipdirler. Erbet ýa-da gowy, ýöne yz.
Biziňem geljek ugrundaky maksadymyz şol bolmaly. Arzuwlaryňy tutaryk edinip ýöräp biljek ýoluň bar, yz goýmak, onda-da ullakan yz goýmak potensiýalyň bar, iň esasy hem gymmatlydan gymmatly wagtyň bar, şonda-da näme üçin sen şuwagtam bu haty okap otyrsyň?! Bar, git-de arzuwlaryňa tarap git! Çalt bol!!! ))