Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Garalama...

2 minut alar

Gije 23:24. Ukymam gelenok. Telefonymyňam zarýady az, ylham agada ýok. Birzatlar çyrşasym gelýä. Telefonyň zarýady az. Halypaşägirdimiň öwrödön stillerinden kellä gelen ýazgylary ekrana geçirýän. Halypaşägirdim, täsin oglanaý şolam. Maňa meňzeýän ýaly. Bor esasy ýazjak zadym o barada däldi. Telefonymy zarýada goýdym. 8 prosent. Darajyk kapsulada, ýatyryn. Ylmy-fantastiki kinolarda şularýalak kapsulaň içine adamlary anabioz ýagdaýyna geçirip uçurup göýberýädiler, älem jahanyň başga planetalaryna. Gorkanoklaraý tüweleme. Menä şu darajyk kapsulada gorkup ýatyryn, demim gysaýmasyn diýip. Men özi size näme gürrüň berjekdim? Garfild. Pişik. Bular nirden kelläme geldi? Bilemok özümem. Aý, kelläňe gelen zatlary ýazmagyňam öz keýpi bar eken. Dawlat hem ýatmandyr. Kursdaşymlaý, wiý talyp deňduşym. Oň kapsulasy ýagty bolansoň diýýän ýatmandyr diýip. Ahmadşoham kitap okap otyr. Timur bolsa ýatyp galypdyr ýa-da ýuktap galypdyr. Indi nämedeýin? Bilemok, näme etmeli? Ýazanlarym biraz uzasyn, onsaň makalam.com saýtyna pylçarys. Ok bolýa. Içki sesim bilen gürleşýänleý, hormotly okyjylar. Halypaşägirt. Ana şol oglon aýtdy "Türkmen edebiýatynyň, türkmen poeziýasyny kellämize geýeli". Menem aýtdym: "Aýtdyň gutardy". Ýazdy, ugratdy, menem aldym ugratdym. Okadylar, teswir ýazdylar. Şu ýazanymyzy özüne görközelimi? Aý görkezäýers, näme meselesi bar oň?! Onsoňam ol begenýä beýle zatlar okosa. Uky gelmeýşineý. Öňler geläýeddi, ukladaýardy, süýjije düýşler görkezäýerdi. Bügün kän ýerem aýlanmadyk ahyry, şoňa ýadow dälsiň?! Aýtmasanaý, düýn, öňňüýn, onnan öňki gün... Muzeý baryny aýlanyp ýadadyň, gelip zadaniýaňy işläp, atçýodyňy tawşyryp ýatyp galýadyň. Rihanna, Diamonds. Daýmondys. Ýaňlanýa... "Şaýn braýt laýk a daýmond (huuuwa). Ýatallaý, uky gelip başlady...

76 |