Ene dilim
1 minut alar
Bu makala Gelin-gyzlar üçin gyzykly bolmagy mümkin.
Ilkinji gezek gulak deşmeklik Gadymy Müsürde döräpdir. Şol wagtlar gulak deşmek üçin balygyň gylçygyny ulanypdyr.Belki bilýän bolmagyňyz hem mümkin gulak deşýäne näme diýilýändigini Eger bilmeýän bolsoňyz täzelik öwrendigiňiz bolar gulak deşýäne "Sümen" diýilýär. Bu söz köp ýerde ulanylmaýan hem bolmagy mümkin şonuň üçin bu ýitip barýan türkmeniň köne sözini siz bilen paýlaşmak isledim. Meniň maksadym türkmeniň şular ýaly köne we ýitip giden sözlerini öwrenip halk arasynda ýaýmak.Gynansakda soňky ýaşlar türk seriallaryny görüp şol dile öýkünýärler şeýdibem öz diliniň köp sözlerini ýatdan çykarmak bilen bolýar. Käbir adamlar türkmen dili söze garyp diýýär ýöne biziň dilimiz söze örän baý näçe daşary döwletleriň dilini bilsegem öz ene dilimizi ýatdan çykarmaly däldir.