Terjimeçi
Elhenç /hekaýa
9 minut alar
ELHENÇ
Zenanlaryň öňki döwürde çeken jebri-jepalaryny bilmeýäňiz, gyzlarym, aýdanym bilen hem ynanmarsyň...
Turahan daýza
Iki hepdeden bäri göz açdyrmaýan güýz şemaly belent daragtlaryň şahasynda, üçeklerde güwwüldeýär, ýapyk gapylara, deşiklere baş sokup uf çekýär.
Munuň ýaly gijelerde adamogly oý-hyýala gark bolup, nämedir bir zada garaşyp oturmagy halaýar.
Alymbeg dadhanyň sekiz aýaly uly güni Nadirmahbegimiň jaýyna üýşüp, stolyň töwereginde otyrdylar. Dadha her gije tarawa namazyndan soňra hatyma galýardy, bu gije ir dolandy. Hemme ýerinden galdy, aýallardan biri onuň sellesini aldy, biri çäkmenine el uzatdy, ýene biri messisini çykarmaga şaýlandy... Gündeşleriň iň kiçisi– bu öýe gelenine bäş aý bolan ýaş gelin– Genjirewanly Unsinaý çilim otlap berdi. Dadha çilimi bir gezek, ýöne juda işdämenlik bilen çekip, hatara düzülip duran aýallaryna ünsem bermän töre geçip, penjiräni çalaja açyp daşary seretdi. Şemal kä aç gurt kimin uwwuldaýar, käte ölümiň çeňňeline düşen pişik deýin iňňildeýär, wägildeýär, hiç zat, hiç närse görünmeýärdi.
Dadha penjiräni mäkäm ýapyp, ýerine oturyp tesbi sanamaga başlady. Onuň barmaklary tesbi daşlaryny çalt-çalt geçirýän hem bolsa, gulaklary güwwüldeýän şemalda, hyýaly gonamçylykdady: "Häzir gonamçylyk nähili howatyrly bolsa gerek...".
Özbek gonamçylygynyň asly howatyrly, üstesine, gonamçylyk barada aýdylmadyk erbet gep, toslanmadyk gorkuly myş-myş galmadyk bolsa gerek. Çyndanam, munuň ýaly gijelerde gonamçylyk ýadyna düşen her bir adam, esasanam, dadha ýaly pygamber ýaşyndan aşyp, kepenligini sandyga salyp goýan adamlar ölmekden hem beter gonamçylykda ýatmagy hyýalyna getirenlerinde diline çenli sowuk der çykarýar.
Dadha kellesinden gonamçylyk hakyndaky pikiri çykarmak üçin tesbisini goýup ondan-mundan gürlän boldy, ýöne hiç kim onuň gepine gep goşmady.
Şemal güýçli öwüseninde nämedir bir zady penjirä getirip urdy. Ol zat aýnany şakyrdadyp ýere gaçdy. Hemme oturan ýerinde bir garyş ýere giren ýaly boldy, elheder alyp biri birine seretdiler. Dadha aýallaryny, olardan hem beter özüni köşeşdirmek üçin ýerinden galyp, penjiräň bir gapdalyny açdy.
Dadha aşak seredip, şatlanan ýaly:
— Gamyş gamyş eken — diýdi we penjiräni ýene-de mäkäm ýapyp, ýerine oturdy.
Dokalan gamyş adatça tabyda goýulýandygy üçin dadhaň göz öňüne adamlaryň egninde hallanlap barýan tabyt geldi. Tabyt bolsa ýene-de gonamçylygy ýatlatdy, gonamçylyk hakynda çagalygyndan gulagynda galan gorkuly gürrüňleri, hadysalary göz öňünde janlandyrdy. Dadha bu pikirlerini dep etmek üçin gonamçylyk baradaky gorkuly gürrüňlerden özi söz açdy. Iki sözüniň birinde özüniň mertligini aýallaryna, olardanam beter özüne mahabatlady.
Gürrüňden gürrüň çykyp Nadirmahbegim bir wakany aýdyp berdi:
– Çagalygymda, kakam pahyr gürrüň beripdi. Myhmamçylykda bir ýigit... Edil şunuň ýaly şemally gije eken. "Häzir kim gonamçylyga baryp, Askarpansotyň gubyryna pyçak sanjyp bilýär?" diýen gürrüň bolupdyr. Şonda bir adam pyçagyny gynyndan soguryp "men sanjyp gelýän" diýipdir, bir goýundan jedel edip ýola düşüpdir. Dostlary garaşýarlar, garaşýarlar, ol gelmeýär. Daň atypdyr, öýünde hem ýokmuş. Gonamçylyga baryp seretseler, Askarpansotyň gubyrynyň ýanynda ölüp ýatyrymyş. Biçäre gubyra pyçak sanjanynda donunyň eteginem goşup sanjypdyr. Ýerinden galanynda eteginden biri çekýän ýaly bolanda...
Hemmäň ini jümşüldedi. Uzak dymyşlykdan soňra Unsin ýanynda oturan gündeşine pyşyrdap:
– Ölsün, nebsewür adam eken, bir goýuny diýip... Käşkä degerli bir zat bolsa!...–diýdi.
Bu gürrüňi dadha eşitdi. Dadha ýaly adam gonamçylyk diýilse dyzy sandyraýar, biri "äleme patyşa edeýin" diýse hem gonamçylyga barmaz, baryp bilmez welin, emma bu gyzjagaz ýumruk ýaly başy bilen , "degerli zat bolsa men barjak" diýýär!
Dadhanyň gahary gelip, Unsini masgara etdi:
– Bäh, degirmençiň gyzy!... Bir goýuny pisent etmeýär! Näçe goýun bolsa degerdi? Seň özüň on goýun bersem, pyçak sanjyp gelermiň? Ýüz goýun, mülkümiň ýarysyny bersem gidermiň?
Unsinaý ýaglygyndaky teňňeleri oýnap:
— Maňa mal-mülk gerek däl, mal-mülk gerek bolsa giderdim– diýdi.
Onuň bu sözi Dadhaň gaharyny getirdi:
–Näme gerek?
Unsin hiç zat diýmedi. Dadhanyň soragy jogapsyz galmagy mümkin däldi. Şonuň üçin biri ýalňyşsa, hemmesi deň derejede taýak iýýän güniler Unsini gyssadylar.
— Gürlesene!
— Lal açdyňmy?!
Ýanynda oturan gündeşi tirsegi bilen bykynyna iküç gezek dürtensoň, Unsin başyny galdyryp, jellat kimin bakyp oturan dadha bir seretdi-de ýene-de başyny egip merdemsi jogap gaýtardy:
– Jogabymy berseň... Genjirewana gitsem... Bir gubyra bir däl, on gabra on pyçak sanjyp gelerin...– diýdi.
Onuň maksadyny günileri derrew aňlady. Ýöne dadha munuň ýaly söze garaşmandygy üçin ýalňyş düşündi:
— Genjirewana gidip näme etjek, entek baryp geleniňe iki aý hem bolmady ahyryn!
Nadirmahbegim stoluň aşagyndan aýagyny uzadyp Unsiniň baldyryny çümmükledi, gözi bilen "şükür düşünmedi, bes, gürleme" diýen yşarat etdi. Ýöne, Unsin janyndan geçen adamyň mertligi bilen dadha dik seretdi:
– Ýok, men hemişelik gitsem diýýän, jogabymy berseň diýjek bolýan.
Gepi aýdan Unsin welin, ýöne beýlekiler oturan ýerlerinde, ýere ýelmeşdiler. Emma, dadha hemmäň garaşyşy ýaly eline gamçy alyp Unsini "niräň gijeýär"e salmady, tersine zäherli hem bolsa parahat gürledi:
– Şeýlemi?… Hüm. Bolýar, aýdyşyň ýaly bolaýsyn– diýdi, biraz oýlanyp gaharynyň gelendigini gizläp bilmän sözüniň üstüni ýetirdi– Ýöne gonamçylyga pyçak däl, tüňçe äkidersiň. Anhezretimiň kümmetiniň ýanynda tüňçe gaýnadyp, çaý demläp getirersiň, bolýarmy?
Unsin şatlanyp:
– Bolýar, bolýar– diýdi– ýöne sözüňden dänmeseň.
Dadhaň içine ot düşdi. Bir pukaraň gyzynyň bu öýden gitmäge howlugyşy oňa sögünç bolup eşidildi. Indi Unisini töwella edip almak üçin ýekeje söz aýtmaga hiç kim, hatda gonamçylykdan onuň ölüsi dolanjagyna gözi ýetip, içinden perýat çekýän Nadirmahbegim hem batyrynyp biljek däldi.
Dadhaň ap-ak, uzyn sakaly, sesi titiredi.
– Bolýar, sözümden dänmerin. Ynha arkaýyn bolaý: men häzir seni bir talak etdim, dolananyňdan soňra üç talaksyň! Bar, tüňçäňi al!…
Unsin dadhadan derrew ýüzüni gizläp, çykyp gitdi.
Nadirmahbegim, elinden başga hiç zat gelmänsoň, iň bolmanda Unsiniň ýüregine güýç boljak birki agyz söz aýtmak maksadynda onuň yzyndan çykmakçy bolupdy, dadha gaşyny çytyp ýerinde oturdy. Güniler ýeke-ýekeden aýak ujunda ýöräp otagdan çykdylar.
Unsin jaýyna girdi, şarfyny atyndy, tüňjä suw dolduryp, çäýnege çaý atyp–ugrady.
Aý aýdyň.
Asmanyň gyrasy öçügsi sary parçalara meňzeýär. Bu öçügsi şuglaň gujagynda belentli-pesli jaýlar, şemala egilýän, yrgyldaýan agaçlar, gap-gara bolup görünýär. Güwwüldeýän şemal her bat alanynda Unsini uçuraýjak bolup, ep-esli ýere çenli itekleýärdi. Unsin şarfyny dolap eline alansoň ýol ýöremek aňsadyrak boldy.
Gonamçylyk barada dadha nämeler eşiden bolsa, Unsin hem şony eşidipdi, şemally gije gonamçylyk dadhaň hyýalynda nähili gorkuly bolsa, onuň hyýalynda hem şonuň ýaly gorkulydy, ýöne şeýle bolsa hem, dirileriň gonamçylygy bolan dadhaň azabynyň ýanynda ölüleriň gonamçylygynyň gorkusy oňa howatyr bolup duýulmaýardy, ondan daşary, ertiriň özünde Genjirewana ugramak, ata-enesini, joralaryny görmek umydy onuň başyna hiç hili oý-pikir getirtmeýärdi.
Unsin edil kakasyndan haýytlyk alyp bazara barýan gyzjagaz deýin şatlanyp, garşysyndan öwüsýän şemaly pitiwa etmän barýardy, emma gonamçylygyň köçesine sowulansoň, yrgyldaýan gap-gara gojaman çynaryň astynda agaryşyp görünýän kümmetleri, belgisiz gubyrlary, zulmady görüp ýüregine wehim indi. Zeýkeşiň köprüsinden geçip, iki ädim ädensoň durdy. Ýüregine howsala düşdi. Genjirewan, ata-enesi, joralary hyýalyndan göterilip, göz öňüne ap-ak kepene bürenip kümmet we gabyrlaryň töwereginde aýlanyp ýören ruhlar geldi.
Onuň tüýleri syh-syh boldy, saçy başyndaky ýaglygyny bir garyş galdyran ýaly duýuldy. Unsin biygtyrýar bir ädim yza çekildi, ýöne şol wagtyň özünde ölülerden gorkmaýandygyny aýdyp birine öwünýän ýaly gygyryp: "Ölüleriň jany ýok, ölüleriň jany ýok" diýip öňe ymtyldy, şol ýöräninden çynaryň astyndaky Anhezretimiň kümmetiniň ýanynda durdy, çäýnek bilen tüňçäni ýere goýdy, şarfyny bir gyra oklady, içinden "az galdy" diýip begendi. Ýöne onuň şatlygy uzaga çekmedi, iň möhüm zady– oduny unudypdyr. Her kümmetden bir el, her gabyrdan bir ses çykaryna garaşyp odun gözlemek gorkusy onuň ýüregine ýene howatyr salyp başlady. Unsin belent ses bilen özüne özi ýene "ölüleriň jany ýok" diýip, häzir diline bir adamlyk güýç berýän bu sözi dilinden düşürmän, kümmet we gabyrlary aralap odun gözledi, egilip eline ilen zady etegine saldy, gamyş döwdi, ýandak, ot-çöp ýygdy, eliniň ganandygyny hem duýman tapan-tupanyny getirip ot ýakdy. Ot şybyrdap-şybyrdap derrew güýçlendi, şemalda bugursyýan tüsse gatyşyk oduň şuglasy garaňkylygy böwüsdi, uzak-ýakynda tümmerip duran gabyrlar, edil biri topragy galdyryp çykýan ýaly herekete geldi.
Unsin ýene odun gözledi, ýöne her sapar odun taşlanynda oduň güýçlenişi, şybyrlaýşy ukuda ýatan ruhlary turuzmagyndan gorkýan ýaly, oduň üstüne özüni oklaýjak bolýardy.
Ahyry, tüňçe gaýnady. Unsin çaý demledi, gury ýandak we gamyşlara ot düşmezligi üçin ody depeläp söndürdi. Sag elinde çeýnek, çep elinde tüňçe, oduň şuglasyndan henizem gözleri gamaşyp barýardy. Bir ýerde ýer oprulyp çep aýagy dyzyna çenli ýere girdi, aýagynyň ujy ýumşak bir zada degen ýaly boldy. Unsin hälki sözi doga deýin çalt-çalt gaýtalap gorkyny özüne golaýlaşdyrmaýan ýaly bolsa hem, aňyna "Jesediň garnymyka" diýen sözler geldi, ýüregi sandyrap, derrew aýagyny çukurdan çekip çykardy. Çukurda galan bir taý köwüşini almaga ýürek edip bilmedi messili gidiberdi. Unsin birnäçe ädim ädensoň şarfyny kümmetiň ýanynda galdyranyny ýatlap saklandy, ýöne dolanmaga bogny ysmady, häzir dolanmaga beýlede dursun, gaňrylyp yzyna seredip hem bilenokdy. Göz öňünde ähli ölüler kümmetlerden, gabyrlardan başyny çykaryp yzyndan seredip duran ýalydy. Unsin näme etjegini bilmän doňup durdy. Şol wagt uly bir kümmetdenmi, başga ýerdenmi nähilidir ses eşidildi, köp wagt geçmänkä nämedir bir zat gelip Unsiniň egnine mündi, bogmakçy bolup elini uzatdy. Unsin kükregine çendenaşa agyr bir zat bilen urulan ýaly ýüregi bulanyp, sandyrady, ýöne ýykylmady, emma aýak üstünde duran ýerinde huşudan gitdi. Aradan näçe wagt geçendigini bilmedi, gözüni açyp seretse jandar egninden düşüpdir, emekläp hälki kümmetiň aňyrsyna geçip gitdi. Unsin gorkudan ýaňa telbäň halynda bolsa hem onuň maýmyndygyny aňşyrdy. Dadhaň maýmyny! Maýmyny dadhaň özi getirmedikdir, birinden berip göýberendir. Dünýäde dadha ýaly birehim adam ýene-de barmyka!
Unsin egnine maýmyn münen wagtynda nähili gorkan bolsa häzir şol derejede köşeşdi, rahatlandy. Diýmek nähili rehimsiz bolsa hem şu töwerekde adam bar.
Unsin gonamçylykdan çykyp uly ýola düşdi, ýarym ýola baranynda çep eline güýçli agyry girdi. Agyry tüňçäni ýada saldy. Çep elinde tüňçe bardy, hany?! Unsin saklandy, çäýnegi iki eli bilen bagryna basyp, ysgyndan gaçýança ylgady.
Düýşünde ýörän ýaly onuň ýoly köpelmeýärdi, iki aýagy göwresinden yzda galýardy, elindäki çäýnek gitdigiçe agyrlaşýardy.
Unsin, Nadirmahbegimiň agyr gapysyny kynlyk bilen açdy, bosagadan ätläp, birnäçe ädim ädensoň ysgyndan gaçyp oturdy, kynlyk bilen ymtylyp çürnüginden çaý akyp buglanýan çäýnegi stoluň bir gyrasynda goýdy. Ömürlik arzuwy hasyl bolan ýaly ýadawlygy aýrylyp özüni ýere oklady. Stoluň gapdalynda ukusyrap oturan dadha oýanyp ýüzüni bürüşdirdi, başyny galdyrdy, Unsini görüp jany çykýandyr öýtdi, ýüz-gözüni garaldyp, ondan gözüni aýyrman, ýuwaşjadan ýerinden galdy, edil ölüm howpundan gaçýan ýaly ýeke hereketde stoldan geçip, özüni gapa oklady...
Unsin özünden giden eken, bir wagt gözüni açyp seretse, baş ujunda Nadirmahbegim aglap otyr. Onuň sag gözi göm-gök bolup çyşypdyr, ak ýaglygynyň o ýer bu ýerine gan degipdir. Unsin Nadirmahbegimi gören badyna dadhaň sözünde durýandygyny, durmaýandygyny soramakçy boldy, emma onuň ýagdaýyny görüp, eşidiler-eşidilmez:
– Saňa näme boldy?– diýdi.
Nadirmahbegim Unsiniň ýaş janyna rehim etmegini, ony dolamagyny haýyş edip dadha ýalbarynynda dadha ony tutup suwa salma ýenjen eken. Nadirmahbegim Unsiniň soragyna jogap bermedi, ses çykarman öňküsindenem güýçliräk aglap, onuň başyny sypady, ýüzüni ýüzüne goýdy. Soňra, şol wagt gonamçylyga adam göýberip aldyran iki çümmük topragyny ýarym käse suwa garyp Unsina uzatdy:
– Iç, janym, gorkupsyň...
Gonamçylykda gorkan adama gonamçylygyň topragy şypa bolýar.
Unsin käsedäki bulançak suwy derrew içdi, ýüregi ýerine gelen ýaly boldy.
– Menden gaýtmasa Alladan gaýtsyn... Ene-atam barýandygymy näçe çaltyrak eşitseler, näçe çaltyrak şatlansalar...
Nadirmahbegim ýene-de urulmagyndan gorkman, Genjirewana bir hyzmatkäri ugratdy.
Emma Unsin ikindä çenli ýetmedi— jany çykdy.
Agşamyň garaňkysynda onuň jesedini gyzyl ýorgana dolap araba ýüklediler. Şemal henizem güýçli öwüsýär, ýaý deýin agaçlaryň şahasynda güwwüldeýärdi.
Derwezeden başynda şarfy, elinde ak düwünçegi bilen Nadirmahbegim çykdy. Ol ýüzüni derwezä öwrüp, iki elini fatyha açyp, bir zatlar diýdi. Dadhaň özi bilen bile bu tünegi ýeriň düýbüne ugradýan ýaly iki ýumrugyny üç gezek ýere urdy. Soňra "Bu öýi indi ýeňsämiň çukury görsün" diýen ýaly bir hereket bilen çalt öwrülip araba mündi, merhumyň baş ujunda oturdy.
Araba ugrady, şäheriň çäginden çykanynda gündiz Nadirmahbegimiň ugradan hyzmatkäri Genjirewandan dolanyp gelýärdi.
Abdylla KAHHAR
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI