
Terjimeçi
"Duzak" / Gysga hekaýalar
1 minut alar
"DUZAK"
GYSGA HEKAÝALAR

"DUZAK"
Zenan gara pişik kesip geçen ýoldan yzyna dolandy we çatyrykda serhoş sürüji dolandyrýan ýükulagyna gabat geldi...
***
ZENAN KALBY
Hatyn ärinden öýkeläp ýüzi-gözüni bürüşdirdi. Elindäki gymmat bahaly atyry görkezip:
– Özüm almasam, alyp beräýeýin diýäýeňok– diýdi.
Äri birnäçe sekunt näme diýjegini bilmän "Wah munyň bahasyna birlaý geýinip boljaga, kyrk ýaşabam bu aýala akyl girmedi, nämä gerekka şul… üstesine öýkelänem bolýar. Indi näme diýsemkam" diýip oýlandy, pikirini daşyna çykmardy. Soňra şadyýanlyk bilen ýylgyryp, aýalynyň gulagyna:
– Maňa öz tebigy ysyň ýaraýar!– diýip pyşyrdady.
Gaşlaryny bürüşdirip duran aýalyň şol bada ýüzi açylyp, gözleri guwançdan parlady. Ärine mähirli garap atyry ýerine goýdy. Äri "Hudaýa şükür gutuldym" diýdi. Aýaly "Bilýärdim! Henizem meni söýýär" diýdi.
***
OGRY
Hyzmatkär aýal kömekçisi, on alty ýaşly gyzyny gujaklap:
– Hanymym, biz näme günä etdik? Bizi kowmaň, men ýaly bir dul aýala rehim ediň, çagajyklarym aç-hor bolar!– diýdi.
– Ine gyzyň jübüsinden çykdy– hanymyň elindäki gymmat bahaly sagat ýalpyldady– Ogluma sagbolsun aýdyň, polisiýa habar bermegimizi islemedi.
Gyz göz ýaşlaryny gizledi, dodagyny dişledi…
Ýigit bolsa jübüsidäki göwrelilik testini gysymlady…
***
DÄP-DESSUR
Toý dabaraly geçdi. Gelin munuň ýaly bagty hyýalyna hem getirmändi. Köşk deýin jaý, köp gatly äpet bina, hatar-hatar ulaglar.
Indi toýdan soňky däp-dessurlaryny berjaý edýärdiler. Gymmat baha şaý-seplere bürenen täze gelin, gelin salamyny tamamlady. Öý hyzmatkärini bolsa işden boşatdylar…
Mastura ABDYREÝIM GYZY
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI