Düwünýän Adama Ilkinji Kömek
4 minut alar
Adaty bir gün. Ýene giç oýandyňyz we bilelikde ýaşaýan dostlaryňyz bilen gyssanyp ertirlik nahary üçin garbak-gurbak edinýäňiz. Gyzykly gürrüň hem gidip dur we ondanam galmak isläňizok. Ine kelläňize gowy aýdyljak birzat geldi we agzyňyz naharly wagty ony aýtmak üçin agzyňyzy açdyňyz – ýöne ses çykmady. Ses çykmasyn welin, ýöne howada gelmedi. Eýwaý, nämeler bolýar? Ýene bir synanyşdyňyz, üýtgän zat ýok. El hereketleri bilen dostlaryňyza düşündirjek bolýarsyňyz, kömek soraýarsyňyz. Olar bolsa näme etjegini bilmän aljyrap durlar. Ynha edil şu ýagdaýda näme etmelidigini bilmek üçin aşakda ýazjak zatlarymy okaň we dostlaryňyza hem okadyň :))
Biziň agyz-burun boşlugymyzdan iki turbajyk iki dürli ýol bilen dürli organlara alyp gidýär. Trahea öýkene, gyzylödek (ezofagus) bolsa aşgazana. Adam bedeni howanyň öýkene, iýmitiň bolsa aşgazana gitmegini sada, emma örän täsirli ýol bilen kontrol edýär. Emmä käwagt iýen lukmamyz şu kontrol edýän mehanizmanyň golundan sypýar we adam düwünýär. Düwünmek ölüm howply bolup bilýär we şonuň üçin dünýa saglyk guramalary bu ýagdaýda edilmeli işleri yzygiderli görnüşde (algoritma şeklinde) ýazyp halka hödür edýär.
1-nji ädim - Doly derejede bolmadyk düwünmek: ÜSGÜRMÄGE ÇAGYR/SYNANYŞDYR
Bu ýagdaýda howa ýollary doly dereje iýmit bilen ýapylan däldir we şonuň üçin düwünýän adam kynçylyk bilen bolsada gürlemage, gygyrmaga, dem almaga we esasanam üsgürmäge ukyplydyr. Beýle ýagdaýda daşyndan bir adamyň edip biljek ilkinji kömegi olaryň ýanynda bolup düwünýän adamy üsgürmäge çagyrmakdyr. Hiç haçan düwünýän adamyň agzyna barmaklaryňyzy sokup iýmit bölegini aýyrjak bolmaly däldir. Sebäbi bu iýmit bölegini arka iteläp ýagdaýy beterleşdirip bilýär we düwünýän adam jan howsalasynda barmaklaryňyzy dişläp bilýär (adamyň eňegi bolsa gaty uly basyş güýjüne eýedir, barlap görmegi maslahat beremok). We iň uly göýberilýän ýalňyşlyk!!! HIÇ HAÇAN ÜSGÜRIP DURAN DÜWÜNÝÄN ADAMYŇ ARKASYNA URULMAÝAR! Bu ýagdaý hem iýmit bölegini ters hereket etdirip peýdadan köp zyýana getirip bilýär. Eger üsgürmek bilen geçmedik bolsa we adamyň düwünenine eýýäm 30-40 sekunt geçen bolsa onda indiki ädime geçýäris.
2-nji ädim – Doly dereje düwünme: ARKA URGULARY we HEIMLICH MANÝOWRY (HEREKEDI)
Doly derejede düwünen adamlar gürläp, gygyryp, üsgürip we iň esasanam dem alyp bilmezler, Şonuň üçin beýle ýagdaýlarda wagt ýitirmän ilkinji kömegi bermeli, ýogsam ol adam az wagtda kislorod ýetmezçiliginden özünden gider we ölüm howpuna düşer. Ilkinji etmeli işimiz: ARKA URGULARY
* Düwünýän adamyň arkasyna geçiň we bir eliňiz bilen olaryň döşüni tutuň. Beýleki eliňiz bilen adamy biraz öňe egiň, çünkü şeýle ýagdaýda iýmit bölegi öýkene tarap dälde agyz boşlugyna tarap hereket eder.
* Eliňiziň dabany bilen düwünýän adamyň iki pilçe süňküniň arasyndaky ýere 5 sany ýiti urgyny ýerine ýetiriň.
* Eger 5 urgudan soň hem iýmit bölegi çykmadyk bolsa Heimlich herekedine geçiň.
HEIMLICH MANÝOWRY (HEREKEDI): göwreli aýallarda we 1 ýaşdan kiçi çagalarda ýerine ýetirmeli däldir! Heimlich herekedini ýerine ýetirmek üçin:
* Düwünýän adamyň arkasyna geçiň.
* Elleriňizi düwünýän adamyň öňünde, göbegiň ýerleşýän ýerinden biraz ýokarda birleşdiriň we adamy biraz öňe egiň.
* Gowy birleşdiren elleriňiz bilen düwünýän adamy ýiti hereketler bilen ýokary we özüňize tarap çekiň/gysyň. Bu herekedi hem 5 gezek gaýtalamaly.
Eger bu iki ädimden soň hem iýmit bölegi daşary çykmadyk bolsa, tiz kömek gullugyna jaň etmeli we ýagdaýy düşündirmeli. Tiz kömek gullugy gelýänçä bolsa hassa özünden gitmedik bolsa 1-nji we 2-nji ädimleri täzeden gaýtalamaly. Eger hassa özünden giden we hiç dem almaýan bolsa, onda DIRI SAKLAMAK ALGORITMASYNA (Basic Life Support) başlamaly (bu temany hem başga bir makalada ele alarys).
Häzirlikçe bolsa şulary öwreneliň we ýatda saklalyň. Durmuşymyzda gerek bolmasyn welin, gerek bolaýan ýagdaýynda taýyn bolayň. Iň esasanam agzymyz doly wagty gürlemäliň. Saglykda görüşeliň.
Bellik: Bu ýazylan algoritma diňe uly adamlara degişlidir. Çagalar üçin nähili bolmalydygyny indiki makalada göreris.
Çeşmeler
Management of choking in the dental practice | BDJ Team (nature.com) (surat)
Learn the step-by-step first aid instructions on how to do the Heimlich or abdominal thrusts and unblock … | Safety and first aid, Heimlich maneuver, First aid tips (pinterest.co.uk) (surat)
What should I do if someone is choking? - NHS (www.nhs.uk)
Okamaga ýaltanýan dostlaryňyza ugratmak üçin wideo: First Aid Skills: Choking - YouTube