Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

鶴の恩返し Durnanyň Minnetdarlygy (Ýapon Halk Ertekisi)

2 minut alar

Bir gadym zamanlarda Ýaponiýanyň bir ýerlerinde ýaş garyp bir ýigit bar eken. Bir gün fermasynda işläp ýörkä, birden asmandan ak durna gaçýar. Bu durnany awçy ýaralan eken. Ýigit guşuň bir ganatyndan ok geçendigini görüp, guşy halas etmek bilen bolupdyr.

Ýigit oky çykaryp, ýarasyny arassalapdyr. Guş basym ýene-de uçup biler ýaly ýagdaýa gelipdir. Uçjak bolup barýarka, ýigit durna "Awçylardan seresap bol" diýipdir. Durna ýigidiň kellesiniň üstünden üç gezek aýlanyp, uçup gidipdir.

Garaňky düşüp, ýigit öýüne tarap ugrapdyr. Haçanda öýüne baranda bir gudrat bilen ýüzme ýüz bolupdyr. Nätanyş bir ýaş owadan gyz oňa garaşyp oturan eken. Gyz "Öýe hoş geldiň, men seniň aýalyň" diýipdir. Muny eşidip, geň galan ýigit "Men bir garyp oglan, seni aýal edip alyp bilmerin" diýipdir. Gyz "Gaýgy etme, mende köp tüwi bar we ikimiz bagtly ýaşap bileris" diýipdir. Geň zat bolsa, tüwi haltasy hiç boşamandyr.

Bir gün ol gyz ärinden dokma otagyny gurup bermegini isläpdir. Gurlandan soň, gyz ýigide "Otagyň içine seretmejegiňe söz ber" diýipdir. Äri "Bolýar, seretmerin" diýip söz beripdir. Ol gyz otagyň içinde 7 günläp owadan mata dokapdyr. Ol ärine matany bazarda ýokary bahadan satmagyny maslahat beripdir. Äri satyp öýüne şadyýan dolanypdyr.

Bir wagtdan soň, äriniň bilesigelijiligi artyp, aýalynyň nädip owadan köýnekleri edýändigini bilmek isläpdir. Ol otagyň içine gözüni aýlap görse, ýelegini goparyp köýnek edip oturan durnany görüpdir.

Durna ýigidiň ony görendigini bilip, "Seniň ol gün halas eden durnaň men. Saňa sag bolsun diýip, gelip aýalyň boldum. Indi sen meniň asyl şeklimi gördüň, men indi bärde galyp bilmeýärin" diýipdir. Durna matany ýigide berip, "Men şuny meni ýatlar ýaly saňa berjek" diýip, uçup gidipdir we hiç dolanyp gelmändir.

Sapak:

Biz rehimli we mylaýym bolmaly. Başgalaryna kömek gerek bolan mahaly kömek berip, yzyndan zat talap etmeli däl.

Başgalaryna kömek edip pozitiw gatnaşyklary döredip bileris.

Beren sözüňi saklamaly. Hekaýada ýigit sözünde durman, otagyň içine seredýär we soňy şeýle bolýar.

Terjime eden: Juan Aguilar

Çeşme: https://www.kyuhoshi.com/tsuru-no-ongaeshi/

91 |
|