Dünýede demokrasi diýilýan zat ýok.
1 minut alar
Dünýede ýüzlerçe döwletler bar we iňki baý döwletleriň köpsiniň hökümetleri demokratikdir. Bu döwletler baý özlerini öwýärler, "bizde nähili gowy demokrasimiz bar! Başga ýurtlaryň demokrasileri biziňki ýaly gowy däldir!", diýip. Yöne hakykatda, bu dünýede bir däne-de dogrudan demokratik döwlet ýokdyr. Amerika demokratik döwlet däl. Iňlis-de demokratik döwlet däl. Dünýeň hiç ýerinde demokratik döwlet ýok. Näme üçin men beýle diýýän? Sebäbi biz kapitalist dünýede ýaşaýarys.
Ýokarda gaty baý adamlar bar. Olaryň hemmesinde bilýonlarça pullary bar. Bularyň hersiniň niýetleri bizneslerini ýaýratmak we pullaryny köpeltmek, hem-de täze baýlaryň döremeginiň öňüni tutmak. Bularyň her biriniň mydamlyk bilen ýokarda bolmak islegleri bar, hem-de başardyklaryndan özlerini mydamlyk bilen ýokarda saklajak bolarlar. Eger baýlykdan gaçsalar, olaryň ölen günleri bolýar. Şeýle, bu baýlar öz niýetlerine ýetmek üçin hökümet bilen meşgul bolýarlar. Milýonlarça pul berip syýasatçylary satyn alýarlar. Şol syýasatçylar hökümetiň içinde bolup, baýlaryň maksatlaryna ýetmek üçin çalyşýarlar.
Bu baýlar-da mediýany ulanýarlar, halky goýun edip saklamak üçin. Hakykatda halk hiç wagt syýasatçyny saýlamaýar - baýlar saýlaýar.
Şonuň üçin bu kapitalist dünýede demokrasi bolup bilmeýär. Eger-de bir ýurt özünde hakyky demokrasi bar diýip öňe sürse, onda pohuny iýýär. Demokrasi diňe romanlarda tapylýar, hakykatda asyl ýokdyr.