Çydamsyz…
2 minut alar
Gije ýarymda Armytgüljan ýatyp bilmän towlanypdurdy her ýana…ahrym birzatlar ýazsa içi ynç aljak ýalydy welin….Gyyy iççimdagy kerep bolup gidipdirrr. Eger pikirlerimi beýan edip bilmesem bagyşlarsyňyzda okyyjylarym! Sübsam wii ýok plesosymam ýok ekeni. Baram bolsa oňa güýjem ýetenok arassalamana. Nähili arassalajagymy düşünýän belki maslahat berersiňiz? Pikir alyşarys? Bolmazmy?
Geçen gün Ejemi ýyllyk check-up etdirmek üçin doktora äkidipdim. Gan analizini zadyny berdik(Hemmezat ýerbe ýer gowy şükür). Doktora garaşyp oçyrda durkak bir daýzajan aglap pahyrjygyň gözü çişip gidipdir. Ýöne näme üçin aglap duranyny çözüp bilmedim ýa da meniň kelläm zoolll ejemdedi…Daýzajan gygyryp iki-üç sapardagy shu sözlemi gaýtalady: ‘Allah bizi sevmiyor, hep sevdiklerimi sağlık tarafından kendi yanına alıyor…gücüm kalmadı artık benim canımıda al ’ diýip içip duran suwum gaýnag suwa döndi. Ussat şahyryň şujagashja setiri agzyma çolaşdy:
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Ölen däl,
diriler galýarlar derde.
Ýöne ölen adam
ölerine çen
Tanyşýar dünýäniň geçmişi bilen.
Kömek edesim geldi emma ýakynlaşmadym. Ejeme bildirmejek bolup gepe sowan bolmam olam aýry aldowçylyk…Ýüregi awyly ozalam Ejemiň şol temada. Daýzanyň daşyndan seredip göni Ejeme seretmegimm….menemä çydamsyz ekenim, gaýduwsyz diýilýärdimi?
Bir tarapdan içimdäki ses adam bu Dünýä keýpi sapa sürmek üçin gelýärmikä? ýa da her gününe razy bolup,ömrüni gaýgy alada bilen geçirmek üçin geldimika? diýip birahat etdi…beehhh. Eger kesel/hassalyk diýilýän zat bolmasady Dünýä nähili bolardyka, adamlar sagdyn gezip gowy bolardy şeýle dälmi? Aaýý ýoook…geçen 2aý mundan öň gyzyklyja kitap gutardym “Mikrobiyota” diýip. “Içegelerimizdäki bakteriýa sany, galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň sanyndan aşa köpdir. Haýwanlaryň ilkinji emele gelme şekilleri mikroplary tutuş özüne jemläp almasy bilen ” şeýdip emele geldi diýip belläp geçýär. Soň adam pahyryň, her ýyl saýyn içiindäki organlarynyň yaşy bilen birlikde garraýanyna göz ýetirmeli bolyar.
Adam bu Dünýä sapa sürmek üçin gelmändir diymek. Beyle bolaýan ýagdaýynda o tarapy ýatdan çykararmydym eger, hassalyk-ölüm diýilýän zat bolmasady? Ölümem unudardym hiç yatlasym gelmezdi…Her nä ozüňi(zi) ölümsüzdirin(ölümsüzdiris) öyütmeli dal garaz Armytgüljan. Bilemok ýene aýtjak zatlarym kääääännnn gök çaýymy alyp tanamaýan kiişilerim bilen gürrüň edesim gelýär, azajyk yeňläsim gelýär…
Kölegäm bilen sizlere Owadan ölüm dileýän!