Jemgyýetçilik işgäri
Burnout näme?
5 minut alar
Bir iňlis tymsalyna görä, daýaw ýaş ýigit pürs satýan söwdagäre hakyna işe durupdyr. Hak-heşdegi göwnüne ýaransoň, ol köpräk gazanmak üçin bar güýji bilen işlemegi ýüregine düwüpdir.
Hojaýyn onuň eline palta berip, işlemeli ýeri görkezip gaýdypdyr.
Ilkinji iş gününde ol on sekiz sany agajy ýykyp, pürs taýýarlapdyr. Hojaýyn onuň berekellasyny ýetirip, şeýle depginde dowam etdirmäge höweslendiripdir.
Muňa ganatlanan işçi ikinji gün has erjel işlese-de, onuň taýýarlany diňe on bäş sany pürs bolupdyr. Üçünji gün näçe azap etse-de, on agaçdan artygyny ýykyp-pürdeläp bilmändir. Gün geçdikçe öndürýän işi hasam azalypdyr.
“Men tapdan düşüp, halys laky-tak boldum öýdýän, indi besdir” diýip oýlanan işçi utanç bilen hojaýynyň ýanyna gelip, ýagdaýyny düşündiripdir, eden işi üçin haklaşmagyny sorap, ötägitmekçi bolupdyr.
Ony diňlän hojaýyn biraz oýlanyp:
– Inim, sen bir zady aýt: sen paltaňy soňky gezek haçan çaldyň? – diýip sorapdyr.
– Paltanymy? Bir gezegem çalamok – diýip, ýigit aljyraňňy jogap beripdir. – Men köpräk agaç ýykjak bolup ýörşüme...
– Ana, gördüňmi? – diýip, goja ýylgyrypdyr. – Biz köp işlejek bolup, başagaýlap ýörşümize esasy zatlary ýadymyzdan çykarýarys-da, nähak özümizi horlaýarys.
Howa, bu durmuşde bolýan ýagdaý. Häzirki zaman dünýäsinde hem bir işe bar güýji bilen ýapyşyp, köp wagtlaryny şoňa sarp edýän, mundan netije hem gazanýan adamlaryň şonda-da özlerini bagtly duýmaýan, lapykeçlige düşýän, ol işden göwni sowaýan halatlaryna duş gelinýär.
Elbetde, agaç işleýän adam öz paltasyny ýiteldip durmalydyny bilýär. Emma adamlar iş, hojalyk, gazanç, çaga terbiýesi, jemagat bilen gatnaşyk ýaly hysyrdylara mübtela bolup ýörüşlerine käwagt has wajyp bir zady – öz bedenini, aklyny, zehinini sagdyn we işjeň ýagdaýda saklamagy, durmuşda, zähmetde, adamara gatnaşyklarda özleriniň ýokary ukyplylygyny goramagy, mahlasy öz-özlerini “ýiteltmegi” gözden salýarlar. Netijede, adaty ýadamakdan (işde ýadamak – kadaly, tebigy ýagdaýdyr) has ötüri ýagdaý – ejizlemek, haldan gaçmak, surnukmak ýaly hadysalar ýüze çykýar. Muny adamlar “bulnadym”, “saňsar boldum”, “batdym” diýen ýaly zeýrençli sözler bilen hem aňladýarlar.
Psihologiýada beýle ýagdaýa “burnout (burn out)”, ýagny sözme-söz terjime edlende “işde köýmek” diýilýär. Bu adalga 1974-nji ýylda amerikan psihology Helbert Freudenberger tarapyndan ylmy dolanyşyga girizildi. Muny türkmençe “işde tapdan düşmek” diýip aňladyp bileris.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň raportynda beýan edilişine görä, “burnout sindromy psihologik, duýgy ý-da akyl taýdan ebgarlamak bolup, ol işe höwes-ymtylmanyň azalmagy, iş başarnygynyň peselmegi hem-de öz-özüňe we başgalara garaýşyň ýaramazlaşmagy bilen utgaşýar”. Muňa duçar bolan adam özünde yzygiderli mejalsyzlyk, gowum-gowşaklyk, ukuçyllyk, töweregindäki zatlara perwaýsyzlyk duýýar. Adamyň öz-özüni kemisli ýaly, şowsuzlga uçran, utulan, özüne ynamy gaçan, öz-özünden göwni geçen ýaly duýmagy, öňki yhlas eden işine biparh garamagy, hatda ony ýekirmegi hem bu sindromyň esasy alamatlarydyr. Beýle adamyň irden, aýratynam duşanbe günleri işe başlamasy kyn bolýar; işe dykgatyny jemläp bilmeýär; iş öndürijiligi peselýär; işdeş ýoldaşlary we müşderiler bilen gepleşikde ýersiz-ýere gahary gelýär; ukusy bozulýar; köplenç işdäsiz, kelleagyryly we gan basyşy ýokary bolup, kämahal nerw tutgaýlylygyna duçar bolýar; nerw köşeşdiriji dermanlara ýa-da spirtli içgilere meýli artýar; immun ulgamynyň bozulmagy netijesinde ýygy-ýygydan hassalanýar.
Uzak wagta çekýän ýa-da häli-şinde gaýtalanýan stressler (dartgynlylyklar) sebäpli döreýän bu ýagdaýa lukmançylyk ylmynda anyk bir hassalyk däl-de, depressiýanyň bir görnüşi hökmünde seredilýär. Şeýlelikde, burnout öz-özlügine bir hassalyk däl-de, eýsem öňi alynmasa hassalyga eltýän, soňy hassalyga ýazýan derdeserdir.
Aslynda, bu hadysanyň köp işlemekden döreýändigini aýtmak nädogrudyr. Köp işlemekden adama hiç haçan zelel gelmeýär. “Işden adam ölmez” diýenleri: öz höwes edýän işlerinde günde 12-14 sagat işläbem, özüni sagdyn, gujurly, şähtaçyk duýýan adamlar bar. Burnout hadysasy adamyň uzak wagtlap ýokary depginde, dartgynly we arakesmesiz işlemeginden, ýerine ýetirýän işinde many-maksat görmegini bes etmeginden, şeýdibem işe höwesini ýitirmeginden gelip çykýar. Ýene bir bellenilmeli ýagdaý: biz bu ýerde aslynda işlemäge niýetli, emma hut işiň gidişinde şeýle ýagdaýa uçran bolan adamlaryň gürrüňini edýäris. Adamyň durmuşda başga bir ýagdaýlar sebäpli eliniň işden sowamasy, başga sebäplerden işiniň we durmuşynyň bozulmasy burnout sindromyna degişli däldir. Şahsyýetiň aslynda iş, zähmet, hünär barasynda dereksizligi, bihepbeligi ýa-da işýakmazlygy sebäpli işden gaça durmagy hem biziň bu mowzugymyza dahylsyz, aýry bir meselelerdir.
Görşümiz ýaly burnout sindromy işe nädogry çemeleşmekden, işiň nädogry guralyşyndan, nädogry alnyp barlyşyndan, işi ýöretmekde köpsanly wajyp ýagdaýlary gözden salmakdan döreýär. Mahlasy, onuň sebäbi – işi ýola goýmagy başarmazlykdyr, işlemegi oňarmazlykdyr. Edara-kärhanlarda bu meseleleriň iş berijileriň jogapkärçiligine degişliligine görä, olar bu ýagdaýlaryň döremezligi üçin deişli çäreleri yzygiderli ýerine ýetirmelidirler. Munuň üçin:
- işi dogry we maksadalaýyk meýilleşdirmeli;
- işiň wezipeleri aýdyň bolmaly: “işi akyl bilen tut, zehin bilen gutar”;
- işde başly-baratlyk hem, artykmaç gysyş hem bolmaly däl;
- işgäriň işi alyp barmagy üçin serişdeleri we enjamlari ýeterlik bolmaly;
- işgär hepdede bellenen iş möçberinden artykmaç işledilmeli däl;
- iş gününiň dowamynda işgäre her dört sagatdan bir sagatlyk arakesme berilmeli;
- işgär her ýyl wagtly-wagtynda zähmet rugsatyna çykarylmaly;
- işgärleri öz wagtynda iýmitlenmek, ýuwunmak we dynç almak üçin ýer hem-de wagt bilen üpjün etmeli;
- mümkin boldugyça kärhanada sport we gezenç meýdançalaryny, “ýaşyl” zolaklary döretmeli;
- ýolbaşçylar işgärleriň iş şertleri bilen aýratynylykda gyzyklanyp, olar bilen aragatnaşykda bolmaly;
- zähmet köpçüliginde agzybirlik we ruhubelentlik howasy emele gelmeli, adalatsyzlyk, deň tutmazlyk, äsgermezlik ýaly oňyn bolmadyk gatnaşyklar işgäri lapykeçlige we burnouta alyp barýar.
Elbetde, beden, ruh we akyl sagdynlygy öňi bilen her bir adamyň öz jogapkärçiligindedir. Burnout sindromyndan uzak durmak üçin her kim öňi bilen özüniň saýlap alan kärinde zähmet çekmeli. Özüniň köňül beren, söýen kärinde işleýän adamyň beýle hadysa uçramak ähtimallygy gaty azdyr. Emma adam her işde işlese-de, özüniň şahsyýetiniň hemmetarapaýyn sagdynlygy, sazlaşyklygy we yzygiderli ösüşi barada alada etse, onuň durmuşy abadan, ruhy belent bolýar, ol işdäki we durmuşdaky işlendik müşgillerden rüstem gelýär. Munuň bolsa üýtgeşik syry ýokdur: durmuşda öz maşgalaň, dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň bilen gowy gatnaşmak, olar bilen arkalaşmak; halamaýan adamlaryň bilen wagt geçirmezlik; dogry we sagdyn iýmitlenmek, ukyňy doly almak, beden maşklaryny etmek we köpräk beden hereketlerinde bolmak; nusgawy eserleri okamak. Öz-özüňi ruhlandyrmak, meditasiýa, ýoga tehnologiýalaryny ele alyp, olar bilen meşgullanmak adamyň ruhy we beden saglygy, durmuşynyň hili we zähmet önderijiligi üçin hasam peýdalydyr. Mahlasy, ruhubelent ýaşamagymyz, durmuş meselelerini üstünlikli çözmegimiz, dynuwsyz öňe gitmegimiz üçin biziň öz-özümizi taplamagymyz, öz-özümizi tijäp durmagymyz, “paltamyzy häli-şindi ýiteltmegimiz” gerek.
Gurbannazar neressäniň aýdyşy ýaly:
“Biz herimiz — özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli”.