Terjimeçi
Bir söze müň dollardan / dedektiw hekaýa
7 minut alar
BIR SÖZE MÜŇ DOLLARDAN…
Redaktoryň ady Uorren Juksdy. Boýy belent, barmaklary uzyn, bakyşy agras, saçy çalaryp başlan adamdy. Ol adatdakysy ýaly stolunda, häzirki wagtda ýoň bolan kostýum-balagynda otyrdy. Trewaten onuň garşysynda şu mahal hininden çykan aýy'a çalym edýärdi.
Juks ýylgyryp:
— Jim otyr— diýdi— Seni görsem elmydama şatlanýan, emma "Täze hekaýa getirdim" diýmäweri. Saňa geň galýan. Hekaýany misli daragty silkip, ýygyp alýan ýaly çalt äkelýäň. Ideýany nireden tapýaň? Menimçe bular ýaly sowallara jogap bere-bere ýadan hem bolsaň gerek.
Trewaten çyndanam ýadapdy, emma bir meňzeş sowallara jogap bermekden däl.
— Ýok, Uorren. Täze hekaýa ýazmadym.
— Geň galaýmaly.
— Seniň bilen soňky getir hekaýam barada gürleşmäge geldim.
Juks geň galdy.
— Agşam bu hakda telefonda gürleşipdik öýdýän. Hekaýaň göwnüme ýarandygyny, žurnalymda çap etjekdigimi aýdypdym. Ady nämedi? Nähilidir söz oýunymydy, unudypdyryn.
Trewaten ýatlatdy:
— "Dar agajyndaky jenaýatçy"
— Hawa-hawa. Ajaýyp at, gowy sýužet, ussatlyk bilen ýazylan hekaýa. Mesele nämede?
Trewaten:
— Pulda— diýdi.
Redaktor ýylgyrdy:
— Pul gerekmi? Bolýar şu günüň özünde hasap ýazyp berýän, indiki hepdäniň başynda çegi alarsyň. Gynansamam, mundan artyk kömek berip bilmeýän.
Trewaten:
— Men pulyň haçan tölenjekdigini soramok— diýdi— Mukdaryny aýdýan. Uorren, hekaýam üçin näçe töleýäň?
— Şol öňküsi ýaly. Hekaýada näçe söz bardy? Üç müňmi?
— Üç ýarym müň.
— Diýmek, bäş sentden üç ýarym müň sany… Bir ýüz ýetmiş bäş bolýar, şeýlemi?
— Bu az.
— Düşünmedim.
— Bahasyny aýdýaryn.— Trewateniň agzyndan bu sözler kynlyk bilen çykdy. Juksiň otagyna gelýänçä ol hyýalynda gürrüňdeşlige taýýarlanypdy, şonuň üçin mundan soňra ol gürlemäge känbir kösenmedi— Maňa köpräk tölemegiň gerek. Bir söz üçin bäş sent… Bu juda az ahyryn.
— Biz şu nyrhdan töleýäs, Jim. Elmydama hem şeýle töleýärdik.
— Dogry.
— Onda nämeden närazy bolýaň?
— Size näçe wagtdan bäri ýazýan?
— Birnäçe ýyldan bäri.
— Uorren, ýigrimi ýyldan bäri.
— Çyndanam?
— Geçen aý saňa ilkinji hekaýamy satanyma ýigrimi ýyl boldy. Iki müň iki ýüz söz bardy. Maňa bir ýüz on dollar töläpdiň.
— Näme erbetmi?
— Men ýigrimi ýyldan bäri ýazýan we şol wagt näçe alan bolsam, häzir hem şolar ýaly alýan.
Hemme zadyň bahasy galýar, meniň girdejim bolsa şol öňki durşy. Birinji hekaýamy ýazanymda bir sözüm üçin alan bäş sentime bir şekolat alyp bilýärdim. Seniň şekolat satyn almadygyňa ençe wagt bolupdyr öýdýän, Uorren?
Juks garnyna seretdi:
— Şekolat iýsem semreýän.
— Häzir şekoladyň bahasy kyrk sent. Otuz bäş sentliklerem bar. Men bolsa henizem bir sözüme bäş sent alýan. Şekolady goýaly.
— Bolýar.
— Gel, žurnal barada gürleşeli. Ýigrimi ýyl ozal žurnal gazet dükanynda näçeden satylýardy?
— Ýalňyşmaýan bolsam, otuz bäş sent.
— Ýalňyşýaň. Ýigrimi iki sent. Otuz bäş sente alty aý soňra galdy. Soňra, elli, altmyş, ýetmiş bäş boldy. Häzir näçe?
— Bir dollar.
— Sen bolsa awtora henizem bir söz üçin bäş sentden töleýärsiň. Uorren, sende ynsap bir barmy?
Juks uf diýip uludan dem aldy, stola tirsegini diräp, penjelerini birleşdirdi.
— Jim, sen bir zady unudýaň. Žurnal häzir ýigrimi ýyl ozalkysy ýaly girdeji getirenok. Dogrusyny aýtsam, ondan hem az. Sen kagyzyň bahasynyň näçe galanyny bilýäňmi? Kagyz bilen şekolady deňeşdirsek olaryň bahasy üýtgemedik diýen ýaly. Çaphanaň çykdajylary? Žurnaly paýlamagyň çykdajylary? Saňa diňlemek ýürege düşgünç boljak başga çykdajylar. Sen bir sany žurnal bir dollardygyny görüp bizi pula gömülip barýardyrlar öýdýäň, aslynda olar ýaly däl. Ýigrimi ýyl öň bize gowurakdy. Girdeji juda gowudy.
— Emma bir zadyň, iň esasysynyň bahasy özgermän galdy.
— Nämäniň?
— Žurnalyň mazmuny üçin seniň töleýän pulyň. Okyjylaryň senden satyn alýan zadynyň. Hekaýalaryň. Sýužet we gahrymanlaryň. Dialoglaryň. Sözleriň. Olar üçin sen ýigrimi ýyl öň näçe tölän bolsaň häzir hem şolar ýaly töleýäň. Bu baradaky çykdajylaryň ýeke sente hem galanok.
Juks galamyny alyp elinde aýlap başlady. Trewaten öý çykdajylary barada aýdyp başlady: Kommunal tölegler, iýip-içgi… Ol dymansoň Juks gürläp başlady.
— Talap we teklip, Jim.
— Näme, näme?
— Talap we teklip diýýän. Meň üçin žurnala material tapmak kyndyr öýdýäňmi? Ine bu golýazmalary görýärsiňmi? Ählisi şu gün geldi. Ondan dokuz sany hekaýa ýaş ýazyjylar tarapyndan ýazylan. Olar döredijiligi žurnalda neşir edilmegi üçin galam hakyndan geçmäge hem razy. Galan on göterim hekaýa bolsa ussat ýazyjylaryňky, emma olaram her sözi üçin bäş sentden töleýändigime hem begenýärler. Golýazmalaryny gaýtarmadygyma şükür edýärler. Sen bolsa, Jim, näme getirseň satyn alýaryn. Maňa hekaýalaryň ýaraýar, emma bu ýeke-täk sebäp däl. Sen biz bilen ýigrimi ýyldan bäri işleşýäň, biz bolsa gadyrdanlarymyza hormat goýýarys. Sen bahany galdyrmagymy isleýäň, ýöne bu mümkin däl. Biz hiç kime bir sözi üçin bäş sentden artyk berip bilmeýäris. Birinjiden, çykdajylaryň köpelmegine ýol berip bilmeris, ikinjiden awtorlara kän hak tölemäge zerurlyk hem ýok. Bahany galdyranymdan hekaýaňy gaýtaranym aňsadyrak. Başka alajym ýok.
Trewaten dymdy. Ol ýene-de bir näçe sowal bermek isledi. Meselem redaktoryň aýlygy näçe göterim galdy. Ýöne bu sowallaryň bir nepi ýokdy. Onuň öňünde iki ýol bardy: her bir sözi üçin bäş sentden ýazmak ýa-da umuman ýazmazlyk. Juks çekeleşige nokat goýdy.
— Jim? Buhgalteriýa hasap kagyzyňy bereýinmi ýa "Dar agajyndaky jenaýatçyňy" yzyna äkidýäňmi?
— Äkidip näme näme edeýin? Ýok, her bir söz üçin bäş sentden alaryn.
— Eger köpräk tölemäge mümkinçiligim bolanynda…
— Düşünýän.
— Siz ýazyjylar birleşigini döretmeli. Birleşiň. Ýa-da ýene-de başga bir zatlar ýaz. Maddy ýagdaýymyz öwerlik däl, eger awtorlara galam hakyny köpräk tölänimizde, žurnal bir eýýam ýapylan bolardy. Köpräk tölenýän başga žanrlaram bara.
— Uorren, men ýigrimi ýyldan bäri dedektiw hekaýalar ýazýan. Başga žanrlar elimden gelmeýär. Özüme ýaraşa abraýym hem bar.
— Elbetde. Şonuň üçin her sapar hekaýa getireniňde begenmek begenýän. Şu žurnaldan redaktorlykdan çykýançam her ýazan hekaýaňy satyn alaryn.
— Bir sözi bäş sentden.
— Indi…
— Bilýän, hemme zat saňa bagly däl, Uorren. Diňe, gadyryma ýetilmeýändigine gynanýan.
Juks ýerinden galdy.
— Sen aýtdyň, men düşündirdim. Galanyny özüň bilýäň. Öýüňe baryp ýene-de bir zatlar ýaz. Men saňa ýene bir çek ýazyp bererin. Girdejiňi köpeltmegiň ýoly bar. Köpräk ýaz.
Trewaten başyny sylkdy.
— Gowy pikir.
— Elbetde. Belki başga žanrda hem ýazyp görersiň. Döredijiligiňi giňeltmek üçin henizem giç däl.
Trewaten:
— Bu barada hem pikirlenip görerin— diýdi.
"Bir söz üçin bäş sentden"
Trewaten ýazuw maşynkasynyň garşysynda oturdy, ap-ak kagyza seretdi. Bir gysym kagyzyň bahasy ýylyna bir dollardan galyp barýardy, hili bolsa ýyldan ýyla erbetleşýärdi. Onuň düzýän sözünden özge barça närsäniň bahasy galypdy. Onuň düzen her bir sözi üçin bäş sentden berýärdiler.
Juks döredijiligini giňeltmegi maslahat beripdi. Aýtmaga aňsat. Ol öňem synanyşyp görüpdi, ýöne diňe dedektiw hekaýa ýazmak elinden gelýärdi. Roman ýazmaga synanyşyp gördi, emma ýarsyna ýeteninde umydy puç boldy. Ony diňe hekaýalary bakýardy, emma…
Ol, çekden çege ýaşamakdan, hekaýa yzyna hekaýa ýazmakdan yrdy. Üstesine, bir sözi üçin bäş sentden artyk pul alyp bilmejekdigi baradaky pikiri göwnüni çökerdi.
Oňa näçeden tölemenmeli?
Eger bir sözüne ýigrimi sentden tölän bolanlarynda, ol galam hakyna ýigrimi ýyl ozal näçe şekolat satyn alan bolsa, häzir hem şonça satyn alan bolardy. Ýigrimi ýyllyk ýazyjy hökmünde ol mundanam köpräk almaga mynasyp. Meselem, bir dollardan. Emma, mukdary alty sany san bilen ýazylýan galam hakyny alýan ýazyjylaram bar.
Bir söze müň dollardan.
Bu pikir onuň kellesinde ýildirim ýaly çakdy we barmaklary biygtyýar şu sözleri ýazdy. Ol kagyzdaky sözlere seredip galdy.
"Bir söze müň dollardan"
Näme üçin ol bir sözi üçin müň dollardan alyp bilmeýär? Näme üçin özüni başga kesp-kärde synap görmeli däl?
Näme üçin?
Ol kagyzy maşynkadan çekip aldy, mynçgylap, zibildana oklady. Ap-ak kagyz goýup, oňa uzak wagt seredip durdy, oýlandy. Ahyry, ýazmaga başlady.
Trewaten hekaýalaryny seýrek ýagdaýlarda gaýtadan ýazýardy. Bir sözi üçin bäş sentden alýandygy sebäpli gaýta ýazmaga ýetişenokdy. Mundan daşary, redaktora ilkinji garalama hem ýaraýardy. Emma ol häzir başgaça ýagdaýdady. Birnäçe söz ýazylan kagyzlar yzly-yzyna zibildana oklandy.
Dördünji ýa bäşinji gezek ýazanyny okap görensoň, ol kagyzy maşynkadan çykaryp, ýene bir sapar okady. Içinden "örän gowy, artykmaç söz ýok" diýdi.
Ol telefony alyp Juksa jaň etdi.
— Uorren, maslahatyňa amal etdim.
— Ýene bir hekaýa ýazdyňmy? Begendim.
— Ýok. Özümi başga kespde synap görmekçi bolýan.
— Berekella. Menimçe, bu seniň eliňden geler. Ulurak zada el urduňmy? Romanmy?
— Ýok, juda gysga.
— Gowuja töleýälermi?
— Elbetde. Her bir söze müň dollardan almagy planlaýan.
— Müň… —Uorren ha-ha-haýlap güldi.— Näme diýmekçi bolýandygyňa düşünmedim, ýöne şowlulyk dileýän. Degişmegi unutmadygyň üçin hem şatlandym.
Trewaten kagyzdaky sözlere ýene bir sapar seretdi.
" Ýanymda sapança bar. Çaltlyk bilen, ine bu halta on, ýigrimi we elli dollarlyk pullardan jemi otuz müň dollary salyň. Ýogsam maňlaýyňyzdan deşik açaryn. Men degişemok, çalt hereket ediň, çalt."
Ol özüne özi:
— Hawa, degişmegi unudamok— diýdi— Näme etmekçi bolýandygymy bilýäňmi, Uorren? Banka ýetýänçäm hezil edip gülerin.
Lourens BLOK
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI