Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Beden Massa Indeksi ýa-da Gysgaça "BMI"

3 minut alar

        Semizlik 21-nji asyryň iň esasy saglyk problemalarynyň biridir. Hatda käbir ýurtlarda epidemiýa halyna hem gelendir. Biziň şu döwürdäki stresli we saglyga zyýan ýetirjek durmuş stilimiz bu meseläniň asyl çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin öz bedenimizi we saglyk normalarymyz tanamak - saglykly bolmak üçin birinji ädim bolup durýar. Gereginden artykmaç agram bolsa öz gezeginde 1000-lerçe kesellere ýa sebäp bolýar ýada olaryň döreme howpuny artdyrýar. Mysal üçin ine olaryň käbirleri: Ýokary gan basyşy; Gandaky ýaglaryň deňagramlylygynyn bozulmagy (dislipidemiýa); Ýokary holesterol; 2-nji görnüşli diabet; ýürek infarkty; beýni damarlarynyň dykylmagy (insult)... Şu sebäpden hem size Beden Massa Indeksi barada biraz gürrüň bermegi makul gördüm. BMI näme? Nädip hasaplanylýar? Näme üçin ulanylýar? Nämä peýdasy bar? Geliň şu soraglaryň jogaplaryny öwreneliň.

    BMI beden agramyny we uzynlygyny ulanyp bedendäki ýag mukdaryny çaklamak üçin ulanylýan bir lukmançylyk metody ýada formulasydyr. Bu formulanyň netijesini ulanyp lukmanlar ilki başdan adamda beden agramy we ýag mukdary bilen bagly problemalarynyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklaýarlar. Bu formula ýerine ýetirilmesi aňsat we hiç hili çykdaýjysyz bolany üçin gaty gowy "barlaýjy" (screening) metod bolup hyzmat etýär. 
 
          Geliň indi meselem üçin bir BMI hasaplanyşyna geçeliň. "BMI=agram (kg) / uzynlyk (m)^2" formulasyna görä agramy 80kg we boýy 1.75m bolan bir adamyň BMI-i 80/3.06=26.14-e deň bolar. Bu alan netijämiz saglykly hasap edilýän normadan ýokardadyr, ýagny bu meselem alan adamymyzda artykmaç agram problemasy bardyr. Dünýä saglyk guramasynyň (WHO) berýän maglumatlaryna göra 18.5-24.9 aralygyndaky BMI netijeleri saglykly hasap edilýär. 18.5-dan aşagy az agramlylyk hasap edilýän bolsa, 25-29.9 aralyk artykmaç agramlylyk hasap edilýär. 30-dan uly netijeler bolsa semizligi aňlatýar.

BMI netijelerine görä çaklanykýan agram 
(trifectanutrition.com-dan alynan)

       Bu netijeler elbetde çürt-kesik dogry däldir we adamdan adama üýtgäp biler. Meselem aýal maşgalalarda tebigy taýdan galyň beden ýag gatlagy bolany üçin olaryň BMI-i meňzeş beden strukturasyndaky erkek adamyňka görä beýik bolýar. Ýada sport bilen meşgullanýan adamlaryň bedeninde az mukdarda ýag bolmagyna garamazdan olaryň agramy muskullaryň hasabyna has uly bolýar we netijede BMI-i ýalňyş ýokary (false high) bolýar. Beýle ýagdaýlarda ýene bir aňsat usul bilen beden ýagyny çaklap bolýar - biliň (abdomen) gurşaw uzynlygy. Santimetrde ölçenen biliň daşky gurşawy hem semizlikden ýada beden ýagynyň köp bolmagyndan emele gelip biljek keselleriň riskini çaklamak üçin ulanylýar. Zenanlarda 80 sm-den aşagy, erkeklerde bolsa 94sm-den aşagy saglykly hasap edilýär.
 

Biliň gurşaw uzynlygyna görä çaklanylýan agram
(Quora-dan alynan)

       Diňe şu iki aňsat usul bilen siz hem öz agramyňyzyň size goşmaça risk döredip döretmeýändigini bilip bilersiňiz. Problemanyň bardygyny bilmek we düşünmek bolsa ony çözmäge iň esasy ädimleriň biridir. Saglykly agrama gelmek we ol agramy saklamak üçin edilmeli zatlary - saglykly ýaşaýyş stilini - bolsa indiki makalalaryň birinde has içgin ele alarys. Oňa çenli bolsa özüňizi goraň. Saglykda görüşeliň.

BMI hasaplaýjy: BMI Calculator (trifectanutrition.com)
Çeşme: Body Mass Index (BMI) | Healthy Weight, Nutrition, and Physical Activity | CDC
 

54 |