Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

BAZAR

3 minut alar

Söwdanyň bar ýerinde hökman bazar bolaýmaly. Adamlar özlerine gerekli zatlary almaly, satmaly,sowmaly,gazanmaly…

Tejende hem üç sany bazar bar; Arzuw bazar, Gök bazar we mal bazar. Hepdäniň dördünji we bazar günleri Arzuw bazar açyk galan günleri bolsa Gök bazar(Mal bazar diňe bazar güni açyk).Arzuw bazar beýleki bazara garanyňda has uly. Oňa goňşy etrap,şäher,obadaky(Duşak,Babadaýhan,Sarahs,Altyn asyr) ilat gelýär.

Bazar güni hemme kişi üçin bereketli gün. Ýagny herekede bereket. Satyjylar,alyjylar, köçede durýanlar, taksistler, galtakçylar(taçka).

Maşgalalarda köplenç rollar bölünen. Produkta ugry öýüň zenanyna degişli, elektronikadyr, mal alynjak bolsa erkek adamlara. Wiýý biram bazara ýoldaş diýip alnyp gidilýän adamlar bar.

Meniň ilkinji bazara 5–6 ýaşlarymda gidipdim. Öýüň körpesi bolsaň ene atanyň “Ýan tazysy” awtomat sen bolýarsyň. Başda bazar gözüňe gyzykly görünýär. Näme hemme zat bar (ejeňi yryp aldyryp bilseň). Ilkinji gezek gideniň üçin kän bir abyny tabyny bileňokda. “Näme aldyrsamkam? Dawaý ysnikers aldyraýynla”.

Bazara gatnap başlanylandan soň ýuwaş ýuwaş saňa berilýän ýumuşlar hem üýtgeýär.

1.Ýan tazy,

2.Garawul,

3.Ýükçi.

Başda “Çagam ýitmesin!” diýilýän bolsa soň “Zatlar ýitmesin”. Her bazar zatlary alyp bolanymyzdan soň bazarda gök satýan goňşymyz Ejegyz gelnejäniň ýanyna baryp biraz dynç alýardyk. Şeýdip gelip gidip onuň oturýan ýeri ýadymda galypdyr.

Aýallar garynjalar ýaly öňünden çykan tanşy bilen 2–3 minut durup gürleşip ýollaryna dowam edýärler;

– “Bahar gelneje salam!”

– “Waý Gunça gowmy gyzym, tanamandyryn seni. Uly gyz bolup gidipsiňä. Ejeň dagy hem gowmy? Salam aýt…”

Bir zat alynmaly bolsa ilki tutuş bazary aýlanyp bahalary deňeşdirmeli we soňunda iň arzan ýerinden almaly. A wagt? Wagt hiçle, sen esasy maksadymyza üns ber!

Ine günlerde bir gün ejem bilen bazarda aýlanyp ýörkäm azaşdym. Indi meniň günäm näme? Iň soňky gezek ejemi nirede gördüm? Mata marlyk satylýan ýerde. Yzyma gaýdyp göreýin belki entegem şol ýerdedir? Barsam aýallaryň barysy egilip matalary bahaladýarlar. Indi men ejemi bularyň arasyndan nädip tapmaly? Bularyň ýüzleremä görnenok? Iň gowusy Ejegyz gelnejemiň ýanyna gideýin. Ejegyz gelnejemi tapyp ýagdaýy düşündirdim. “Waý Maksatjan geleniň gowy bolaýdy, gel maňa kömek et. Ejeňem geler oňa çenli”.

Ine bir sagatdan soň geldi ejem. Gele gelmäne bir şarpygy çaldy. “Näme üçin meni taşlap gidýäň? Tapmasam men näme ederdim? Çaga ogurlaýanlar alyp gitse näme etjek?

Ohow eje meni tapanyňa begendiňmi ýa gynandyňmy? Ýüzüňe seredibem bilip bolanoga nähili duýgylar başdan geçirýäniňi!

Ine ýetginjeklik döwrümiz hem ýetip geldi. Bazary gaty gowy bilýaris. Kim nirede näme satýar? Bärde esasy tema ejeň bilen däl-de dostlaryň bilen bazara gitmek. Nämemiş biz zadyň gowusyny tanamzokmyşyn,bize gymmada satýarlarmyş. Bu ýaşda ejeň bilen bazara gitmäne-de utanylýar (namys edilen bolunýar). Eýdip beýdip oglanlar bilen gidip bir zatlar alyp gelsem “Alan zadyň şumy?” diýip göwnüýetmezçilik edýärä mamaş. Ohow modasy şu! Ol entegem 1–2 razmer ulyrak zat geýdiresi gelýär, men gowy tanaýan ony.

Üns bersem kakam ejem bilen hiç bazara gitmedi.” Näme üçin bile gitmedilerkä?” diýip kän içimden sorapdym. Bizem ine ýetişdik,herimiz bir ýerlerde gezip ýörüs. Indi näme-de bolsa arkaýynrak gürleşip bilýäris. Aýal doganym aýtmyşlaýyn ejem bilen kakam her bazar bileje bazara gidýärlermiş özem ejem maşynyň öňünde oturýarmyşyn. Bir gün kakam bilen gürleşip otyrkam oýunlyga salan bolup soradym welin;

“ Aý ol döwürler ýaşlyk edipdiris. Daş töwerekde hiç kim gitmänsoň bizem gitmedik. Bilýäňä töweregiň gepi gutaranok. Onsoň ejem pahyram bardy ol döwürler. “Gelniňi gysyp sakla” diýip gulagymyza guýansoň şony etmelidiris öýdüpdiris. Ynha hemme kişi gitdi bir ejeň bilen ikimiz galdyk. Indiden soň adamlaryň näme diýýänleriniň parhy ýok. Döwrüň üýtgäp biljegine wagtynda düşünmändiris-dä. Bu gün meni sorag sorap gyssap bildiň indi gezek mende. Haçan gelýäňiz bäri? Köpelmän gelseňiz gulagyňy keserin. Ejeň her bazara gidende çaga eşik alýar maňa bildirtmän!”

Oýun etdimle jan dogan. Rezko ataka ediberýär bularam. Oýun etse ogly çynyny etse atasy diýleni boldy bula….

230 |
|