Teswirler (1)

Ýüklenýär...

BAGDAKY BUÝSANÇ

1 minut alar

 

( Barysynyň başy “B” bilen başlanýar )

Baýram,Batyr 

Baga bardy. 

Bagban bişen

badam berdi

  (Kaýum Taňrygulyýew)

Batyr bilen Begençleriň baglary bar.Bular baga baranlarynda Batyr begenjine bökjekläp:

 Begenç,bu beýilere bir baksana! Beýle beýiler başgalarda-da barmyka?!

  •  Bardyr,Batyr,bardyr.Beýlekileriň beýilerem bularça bardyr-la.Beýiniň bal-a baljan
  • bolýar-ow.
    • Baý-ba,beýiniň baly baljan bolmasa bolmaz-a.

Birdenem Batyr beýleräk-de bir baga baglanan baggoýna bakdy-da:

  •   Beh, Begenç, bir-ä bu baggoýny  baga baglapdyr.Baggoýny bagda bakjak boldumyka?!

    • Bolup biler, bilmedim-dä.
    • Begenç, bolmasa, bu baggoýny bagyndan boşadaýsak bolmazmyka?!
    • Bo-how, Batyr,beýdip biriniň baggoýnuny boşadyp bolmaz-a. Beýtsek,Beýik Biribar bizi bagyşlamaz.Bu baggoýun başymyza bela bolar.
    • Be-e, beýle bolsa...

    Batyr bilesigelijik bilen bälçiräp:

    Birdenem,beýleräkde bulara bakan Baýram baba baggoýnunyň bardygyny 

    barlady:

    • Batyr,bagyňyza biziň baggoýnumyz barmandyrmy?
    • Bar,Baýram baba, bar.Bir-ä baggoýnuňyzy baga baglapdyr.
    • Bar bolsa,boşat-da bärik ber,balam.
    • Bor,Baýram baba,basym bararys.

     Batyr bilen Begenç baggoýny boşadyp Baýram baba bermäge baranlarynda,baksalar, Baýram baba bilen 

    Berdimyratjyk-da barypdyr.Birdenkä Baýram baba baga buýsançly bakyp:

    • Berekella,balalarym,berekella,bolubilýär.Beýdip,bagyňyzy baksaňyz,bejersiňiz, bagyňyzda bol beýilerem bolar,badamlaram bişer.Bagyňyz bereketli bolar,baýarsyňyz, baýnarsyňyz,bagtly bolarsyňyz.

 Batyr bilen Begenç beýle bolanyna,Baýram babanyň berekellasyna begendiler. Baýram baba-da birwagtlar bärlerde belli bagban bolupdy.Birdenem Baýram baba Batyr bilen Begenje bakdy-da:

  • Batyr, Begenç biz bu baggoýnyň bagyr-böwregini bygyrdadyp bişirsek bolmazmyka?!

Batyrdyr Begenç birhili bolup bir-birlerine bakdylar-da:

  • Bilmedikdä, Baýram baba, birhili bolmasa bolýar.
  • Birhilisi bolmaz balalar. Bu baga bakylan baggoýun bahana bilen bizi begendirsin-ä. Boluň bahymrak bize baralyň-da,bu baggoýny birýanyndan bygyrdadyp bişirip başlalyň.

Bularyň barysy bat bilen Baýram babalara barmak bilen boluberdiler. 

 Atajan Atamyradow  

21 |