Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

GELIN GELENDÄKI GUTLAG. ( “ G “ – lar gaýgyrylman gönderilen gutlaglar )

2 minut alar

Gülsenem  Gadamjygy  gundady, guwanyp  gujaklap göterdi. Geldimyrat-da gyrada  galmady, Gülsenemi  goldady,göterişdi, goçgaryny  güýmedi. Geldimyratdyr  Gülsenem  Gadamjygyň gülküsine  guwanyp  Gadamjygy günden, gaý-gopgundan, goh-galmagaldan, gepden, gybatdan, gözden  goradylar, goldan  gelen gaýratlaryny,güýçlerini gaýgyrman  Gadamjygy  goçaltdylar.

  Gadam goşun  gullugyndan  gelensoň Geldimyratdyr  Gülsenem  gudaçylyk gürrüňini  gozgadylar. Gadam göwnemedi, gudaçylygy gaýta-gaýta gozgadylar, Gadam göwnäbermedi. Gyş geçensoň Gadam  göwnedi-de  gowy görýän  gyzy  Gözellere  ( Geldimyradyň gowy  gatnaşýany  Garýagdylara ) gudaçylyga  gönderdi. Geldimyratlar  guda gapysyna  gadam  goýdular, gudaçylyga  gelenleri  gowy garşyladylar, garrylaryna, göwünlerine geňeşdiler: “ Gadam, Gözel görüşsinler, gürleşsinler. Göwneşseler gudaçylygy  goldarys “ .

 Gadam  görüşmäge, gürleşmäge  gidende, Garýagdylara  golaýlanda Gözeliň  gelnejesi  Gülnabat gelnejäni  görüp  gyra gaçdy. Gülnabat  gelneje: “ Gyw, Gadam, gaçma,gel. Gözel  goňşylarda  garaşýar-a “ . Gülnabat  gelneje Gadamdyr  Gözeliň  görüşmesini goňşylary  Gurbanlarda  gurnapdy. Gadam, Gözel  gürleşdiler,göwneşdiler. Gudaçylyk  goldandy, garrylar  gidip gollaryny göterdiler,goldadylar,gutladylar.

  Geldimyratlaryň  gudaçylyk gürrüňinde  gybatkeşler-de  gyrada galmadylar:

---  Gyw, Gytja, Geldimyratlaryň  galyňy  gymmatmyk-a ?! Gymmat  goýsalar-a gaýdarlar  gyz.Gyzyň  gelnejesem Gökjelimi,Goňurlymy gyzylçylardanmyş gyz.

--- Gyw Gerek, goýsana  gyz  gep-gybatyňy. Geldimyratdyr  Garýagdy gowy  gatnaşýarlar-a, Gözeldir  Gadamam gowy  görüşýärlermiş. Garýagdylar  galyňdan gaýtarlar,gudaçylyg-a  gaýtarmazlar.

( Gadyrdanlar, gybatkeşlere gatyrganmalyň. Gybatkeş görgülilere-de  güýmenje  gereg-ä. )

 Garaz, galyň-da  geçirildi,goýun-geçi-de, geçirilmeli  goş-golam-da. 

 Garaşylýan gün --- gelnalyjy  güni-de  geldi. Günortanlar  gykylyklap gelnalyjy  geldi. Gelin  gelende Geldimyradyň  goňşysy  Gaýgysyz Geldimyrady  gutlady: 

“ Geldimyrat, gelnalyjyňyz  geldi. Gelin  getirildi, gaýyp  gyýyldy, gelin-gyzlar  gaýçylaryny gaýgyrmadylar. Gör, goňşy-golamlar, garyndaşlar,  gutlamaga gelipdirler. Gadamyň  gowy  gatnaşýanlary, gullukdaşlaram  gaýalary, gyrlary  geçip gutlamaga  gelipdirler. Gelen  gelin gazygynda  garrasyn, garyşyp  gatyşyp gitsin! Gaýyn-gelin, gudalar,garyndaşlar, goňşy-golamlar  gowy gatnaşsynlar! Gelniňiz  gülüp  gidip, gülüp gelsin! Goňşyňy  gutlaýaryn. Gowy  göreş-de gurnadyň, göreşe  goýan  goýundyr-geçileriňi  güýçliler göterdiler.Gurtmyrat gerçegiň  gelip  gutlamasa-da, gullugynda  gutlaýandyr. Gelenliginde  guwanardy, gutlardy, göreşde-de  göreşerdi. Gör, Göwher  gyzyň göwni  göterilip, ganat  gerip gaýyp  gezýär. Geldimyrat, gagallygyňy,  gyjyrdamaňy gyrada  goý-da, goşa  gumrulara gara, guwan. Goý, geljekde  goşa gumrular  gaý-gopguna, gabahatlyga  gabat gelmän  günlerini gowulykda gülüp  geçirsinler! Goý, geljekde  goşa gumrular,  goşa gumrularyň  goçlary, gyzlary  gollarda, göllerde, gaýalarda, gyrlarda  güýç-gaýratlaryny, gahrymançylyklaryny,gowulyklaryny görkezip  garrylary  guwandyrsynlar ! Goý, goşa  gumrular goşa  garrasynlar !”

 Awtor:Atamyradow Atajan(Şirmyrat)

106 |
|