"Aýtmaly habarym bar..."
1 minut alar
Durmuşda şeýle bir wakalar, pursatlar ýüze çykýar, şol pursatlara
sebäp bolýan adamlar Hydyr ata ýa-da perişde ýaly görülýär.
Bu zatlaryň nädip şeýle bolýandygyna aklyň haýran. Olaryň ählisi tüýs
gerekli wagty, biziň şeýle sözlere we kömeklere mätäç wagtymyz peýda
bolýar. Olary göremizde, diňlänimizde ýüreklere ornaýan tesellini, yn-
jalygy, ynamy duýýarys, ýöne biz ömür boýy ganatly perişdelere ýa-da
jowur ak sakgaly döşüni ýapyp duran Hydyr ata garaşyp gezemizsoň,
bu adamlary olardyr öýdüp gümanam edemzok. Üstesine-de olaryň
käbiri gözümiziň öwrenişen, öňden bäri tanyş-biliş adamlarymyzdygy
üçin, bir begenip, taňryýalkasyn aýtmak bilen çäklenýäris. Hekim ata
Süleýmanyň “Her görenňi Hydyr bil” diýen sözlerini bolsa okamady-
gymyz ýok. Bu zatlaryň aňyrsynda ylahy enaýatyň bardygy hakda pikir
etmeýäris. Ýogsam, göze görünmeýän melekleriň göwün gulagymyza
pyşyrdaýan sözlerini bize diňe şolar ýetirýärler. Olaryň ählisi aýny
wagtynda aýdylýan, tüýs wagtynda ýetirilýän sözlerdir. Döwürden,
durmuşdan, ösüşden, ýaşaýyşdan, maksatdan yza galmazlygymyz üçin,
barmaly ýerimize wagtynda barmagymyz üçin şeýle wakalar ýüze
çykyp dur. Ol käte adamlaryň üsti bilen, käte-de kitaplaryň, ýazgylaryň üsti bilen ýürege ornaýar. Ählisiniň özeninde bize niýetlenen söz bar.
(Dowamy bar...)
Rahmet Gylyjow "Aýtmaly habarym bar..."