Terjimeçi
Aýdymçy we şahyr / satiriki hekaýa
4 minut alar
AÝDYMÇY WE ŞAHYR
"Haýyş, bu goşgy meňkidigini hiç kim bilmesin"
Ylhamy üç-dört kitaby çap edilen ýaş, höwesli şahyr. Özüne ýaraşa muşdaklary hem bar.
Günlerde bir gün şahyryň öýüne jaň geldi, jaň edýän bir gyzdy:
— Adym Nargizka, aýdym aýdýan. Meşhur bolasym gelýä. Maňa bir sany bet goşgy gerek. Ony sizden haçan alyp bilerin?
Ylhamy aljyraňňylyga düşdi. Dogrusy onuň özem goşgularynyň aýdym bolmagyny isleýärdi. Bu meşhurlyga tarap ädilen ahmiýetli ädim boljakdygynam bilýärdi. Üstesine Nargizkaň birki sany şekilli aýdymyny telewizorda hem görüpdi.
Ylhamy:
– Bolýar– diýdi– Goşgy haýsy temada bolsun?
– Elbetde söýgi hakynda.
– Bolýar. Ertir sagat onda geläýiň, goşgy taýýar bolar.
Gije Ylhamy gowy uklap bilmedi. Gyzyň hyjuwly sözleri, "söýgi" diýen sözi gulagynda ýaňlandy durdy. Nargizkanyň ýüz-keşbini ýatlamakçy boldy. Ýatlap bilmedi. Hyýalynda gaýtadan döretdi. Atlas köýnekli, dört örüm saçly, keşteli tahýasy görk berip duran gyzy göz öňüne getirdi. Onuň bilen gülzarda seýil etdi. Baglarda ylgaşdy. Miwe ýygdylar. Gysgasy, daňdan yşk barada ajaýyp goşgy döredi.
Sagat on boldy. Gapy kakyldy.
Ylhamy ýene bir sapar aýna bakyp galstugyny düzetdi. Saçyny darady. Bäşinji gezek atyr sepinip gapa ýöneldi. Şahyryň ýüregi "gurs-gurs" urýardy. Gapyny açdy...
Nargizka biline ýetip duran saçyny ýaýyp üç reňke boýapdyr, Ýüzüni şeýlebir reňkläpdir welin, ýüzüniň asyl derisini görmek üçin ýarym sagat dagy sabyn bilen ýuwmaly. Gaş-gözüni mele reňke, dodagyny näme üçindir asman reňke boýapdyr. Bir gulagynda bäş sany ysyrga, ikinjide ýekejesem ýok.
"Ýarty" koftasy bilen kelte balagy şeýle bir dar welin, geýeninde ýyrtylmadygyna aňk-taňk bolaýmaly.
Nargizka şahyra gaşyny çytyp seredip:
– Salam– diýdi.
Doňup galan Ylhamy salam alyp içeri girmegi teklip etdi.
Nargizka içeri gire-girmän, maksada geçdi.
– Hany goşgy?
Ylhamy goşgyny görkezdi. Okap berdi.
Nargizkanyň ýüzi bürüşdi. Gaşyny çytdy. Dyrnagy uzyn barmagy bilen kagyzyň bir gyrasyndan tutup:
–Nu, haýsy dilde ýazylan bi goşgy. "Pygan" näme, "Perýat" näme, "Yşk", "hasrat", "wysal" näme bular? Men bi sözleňi aýdyp bilmeýän. Fanatiklamam bu aýdymy kabul etmeýä. Düşünmeýäler.– diýdi.
Ylhamy sözleri düşündirmekçi bolup agzyny açan badyna, Nargizka elini sylkyp:
– Boldy... Başga goşgy ýazýaň! Düşünişdik? Ine– gyz goltugynyň astyndaky boýy uzyn sumkasyny açdy– Waş gonarar!
Ýüz dollarlyk kagyzy gören Ylhamynyň agzy açyldy. Dogruda walla, häzirki döwürde pul töläp goşgusyny aýdym etdirýän, pul berip aýtdyrýan şahyrlar azmy?
Ol galam haky almagy hyýalyna hem getirmändi. Üstesine ilkinji şygryna, heniz aýdymça peýda getirmänkä.
– Bolýar, jigim, seniň aýdyşyň ýaly bolar.
– Goşgy ýazýaň, gonarar alýaň! – şeýle diýip Nargizka elindäki puly sumkasyna saldy.
Ylhamy gyz gidensoň "Özüne bek gyz eken. Näme-de bolsa söz berda" diýip oýlandy.
Ylhamy ýene goşgy ýazdy. Bu gezek onuň göz öňünde dört örüm saçly perizat däl-de Nargizkanyň sözleri bilen ýüz dollar durdy.
Orta gurp şygyr döredi.
Gyz gidip barýarka "Indi men gelemok, indi özüň bararsyň" diýeni üçin sataşmaly ýerine ugrady. Indi ol öňküsi ýaly tolgunanokdy, özüni şärigine garaşýan işewür ýaly duýýardy.
Nargizka geldi. Ol agşamkysy ýaly, diňe başga fasonly "ýarty" kofta bilen etegi gyýşyk ýupka geýipdir. Gözüne ýüzüniň ýarsyny ýapyp duran gara äýnek dakynypdyr.
– Salam. Nähili– gyz äýneginem aýyrman goşgyny aldy. Okap başlady– Hm, horoşo... bi näme? Ýene düşünksiz sözler. "Hary-zar" näme? "Janan"... janyçka diýäý, janyçka. "Gülşen?", näme "Gülşen"?
– Ne...me.
– Bolanok!
Ylhamynyň aýtmakçy bolan zady dilinde galdy. Ýene başga goşgy ýazmak üçin wadaly ýüz dollary oýlap öýüne gaýtdy.
Akly çaşdy. Ol öýüni küldana dönderip, iki guty çilim çekip, täze "goşgy" ýazdy.
Pesiräjik bir zat döredi.
Goşgyny okan Nargizka ilki ýylgyrdy. Soňra birden gaşy çytyldy:
– "Hijr" näme? Ýo-o bi bolanok.
– Şu ýekeje sözmi? Häzir üýtgedip bererin.
– Ýo, ýo. Näme goşgy seň üçin oýunjakmy? Bir minutda üýtgeder ýaly. Muny öýüňe äkit.– goşgyny yzyna berdi–Ertir başga goşgy ýazyp özüň öýüme eltip berersiň– gyz şeýle diýdi-de salgysyny berdi.
”Bolýar" diýmekden başga çäresi ýok.
Ylhamy tolgunmady, ylham agtarmady, hiç zady oýlamady. Öýüni küldana öwürmedi. Diňe ýazdy. Bolgusyz, bulam-bujar bir zatlar döredi.
Ol "goşgyny" göterip, salgy berilen öýe bardy. Gapyny orta ýaşlaryndaky bezenip-beslenen aýal açdy.
– Kim gerek?
– Men şahyr. Nargizka bilen...
– Bolýa. Nargizka seni sorap gelipdirler.
– Kim? A-hä– şahyry gören Nargizka şeýle bir ýagdaýdady welin, begeninem, geň galanynam bilip bolanokdy. Salamam bermän şahyryň elinden "goşgyny" garbap aldy. Ýigit daşaryda, ol içeride, ýigide öýe girmegi teklip etmegi hyýalyna hem getirmän, goşgyny okap başlady. Şahyr göz astyndan gyzy synaldy. Egninde gara futbolka bilen ak şorty bardy. Sümbül saçlary öňküsi ýaly ýaýylyp dur. Gyz bir eli bilen saçyny düzedip "goşgyny" bu sapar sesli okady:
Gije-gündiz men seni
Oýlaýan-oýlaýan.
Sen baradaky aýdymymy,
Aýdýan–aýdýan.
Ýüregimi dilýän,
Söýýänimi bilýän.
Ýöne saňa söýgimi,
Nädip aýdaýyn?
Seni bir gün görmesem,
Göresim gelýä, ezizim.
Gözüm ýaşlap seň üçin,
Göz ýaş dökýän, ezizim.
Seni söýýän, janym,
Diňe sende hyýalym.
Ýeke özüň gözelim,
Söýgilimsiň, janyçkam.
Gyz şatlanyp:
– Oho, brawo. Bolýa– diýdi. Soňra şahyra barmajygyny bulap temmi beren boldy– Boljak ekena.
Ylhamy hem takdyra ten berip:
– Hawa– diýdi– Boljak eken.
– Häzir garaş– gyz öýüne girip, ýüz dollar alyp çykdy– Ine size gonarar. Wi, goşga familiýaňy, tahallusyňy ýazmagy unudypsyň.
– Gerek däl – Ylhamy ýüz öwürdi– Ýöne haýyş, bu goşgy meňkidigini hiç kim bilmesin!
Zöhre MÄMMEDALYÝEWA
Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI