Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Arca

4 minut alar

ARÇA 🌲

— Indi şol arçaňyzy bezäp dynaýsaňyz nädýä? —diýip, her ýylda bolşy ýaly, biziň iňňirdilerimize çydaman, enem şol bir sözlerini gaýtalady —Bar, ho-ol köne demir krowadyň astynda gurum bolup ýatandyr, çykaryp bir tozanyny kakyň.

Biz çaga ýüregmiz bilen enemiň rugsady esasynda arçajyga tarap ýelk ýasadyk. Reňkleri soýulyşyp giden, üstünde ýataýsaň dagyn jygyldysy bilen beýniňi iýip barýan köne krowadyň astyndaky uly kardonyň içinde gizlenip ýatan arçajygy çykardyk. Dogrudanam, ol gurum bolup gidipdir. Her ýylky höwes, baýramçylyga bolan ymtylmanyň esasy çeşmesi şu arça bolsa gerek. 

Gumyny silkdik, Garagumda hem beýle gum ýokdur. Arçajygyň sökülen şaha bölejikleriniň öwüşgini, gumy silkilensoň hasam lowurdady. Enem: "Siziň şu arçaňyz ataňyzyň kiçijikliginde hem bardy" diýýär. Onda bu arça şol wagtlar hasam owadan bolmaly, çaga ýüregim bilen hyýallara atlanyp, enemiň gürrüňlerini diňledim. Aslynda, atamyň kiçijikliginde edil biz ýaly bolup, şu arçajygyň daşynda pyrlanyşyny görmek islärdim. 

— Hany, indi arçaňyzy düzüberiň. Tämizje bolandyr görseň —diýip, enem biz gumuny näçe silksek-de, ol ýene eline çyg süpürgiji alyp, ýekän-ýekän ýalpyldadyp goýan zerli şahajyklaryna bakan ümledi. Agtyklaryň arasynda ekabyrragy bolamsoň, arçanyň demir-dümürini özüm sazladym. Jigilerim her tarapdan zerli şahajyklary elime tutdurdylar. Soňabaka "özümiz dakjak" diýşip, meniň elimdäkini-de alyp, özleri güýmeniberdiler. Arçajygymyz arça şekiline geläýdi. 

— Alyň hany, şularam bir dakyň. Onsoň arçaňyzy tanabam bilmersiňiz —diýip, enem çygly süpürgiç bilen birlaý süpürip, lowurdadyp goýan iki-üç torba jäjejikleri öňümize seçdi. Jäjekleri gözümiz bilen iýýärdik. Hemmämiz bile topulyp, "bu meňki-de, ol meňki" bolşup, arçanyň gözelligine hasam görk goşduk. "Arça bizden hoşal bolan bolsa gerek" diýip, içimi gepledip, birsalym geçen ýylky wakalary hakydamda aýladym. Huşumda Aýazbaba hat ýazmanlygym üçin meniň sowgatsyz galan ýylyma dolandym, geçen ýyla. Sowgatsyz galyp, gözýaş seçelän, täze ýyl baýramçylygynyň iň bir gyzykly wakasynyň ýene bir ýyldan tekrarlanjagyny ýadyma salan wagtym içimiň ýangyjyna şu arçajygy derbi-dagyn eden ýylyma hyýalymda gezim edip, özümi synladym. Öz eden işimiň telekdigine indi-indi düşünýän, nätjek çagadym-da.

Boýy bir metr ýa bar, ýa ýok arçamyza uly guwanç bilen seredip durduk. Seretdigimizçe hasam öwşün atýan ýaly, häzir "bu arça jadyly" diýseler-de, ynanman durjak däl, şeýle owadan-da. Zerlerine dagyn çyranyň ýalkymy düşüp, hasam lowurdaýar. Jigimiň arçajygyň depesine gyşygrak gonduran ýyldyzyny düzedip, eneme seretdim.

— Ene, seretsene! Bir zat ýetmeýän ýaly birhili, şeýle gerek?

Ikirjiňlenip ýerinden galan enem, arçajyga hasam mähirli seretdi. Her bir jäjegini mähir bilen synlady.

— Ýok-la oglum, hiç zadam kem däl. Ýokaryk galdyryp goýalyň hany muny, boluň!

Men sägindim:

— Duruň!

— Näme boldy?

— Bir zady kem-ä ene muň.

Enem arçany bu gezek gaşlaryny çytyp synlady.

— Nämesi kemmişin gy muň?

— Ene jan! Hany, muňa çyra dakmaýasmy?

Enem, jigilerim "hä-de, wiý" boluşdylar. Eýsem, çyrany geçen dakyp, bu ýyl dakmaly däl diýen düzgün ýok ahbetin. Men aýtmadyk bolsam, çyrasyz geçiräýjek ekenik täze ýyly, "meniň barlygymam bir gowy zat" diýip, aňymda öz-özümi sylagladym. 

Beýleki jaýlaryň töründen tapyp getiren çyrajygym döwük eken, gynandym. Jigilerimem maňa duýgudaşlyk etdiler. Täze ýyla bolan şatlygymyz zym-zyýat bolan ýaly, ýere bakyp oturanymyzy gören enem eline telefony alyp, kakama jaň etdi.

"Du-uk... du-uk..."

— Alo, how eje?

— Işdemiň?

— Hawa!

— Çykyp gelýärkäň bir çyra alyp gel-ä bu arça. Balalam ýüzlerini sallap otyrlar ýogsam. Alarsyň dämi?

— Aý, arçany ýykdyrmajak bolsak, almaly borus-la!

Kakam hikirdedi.

— Menem höwes etdim şu gezek çyraň ýakylmagyna. Alyp gelmeseň, bu ýyl arçany men ýykaryn.

Enem hem kakamyň hikirdisine goşuldy.

— Hä, bolýa eje, agşam baramda alyp bararyn.

— Bolýa, sag-aman işle! —diýip, telefony goýan enem biziň ýylgyrjaklaşyp duran sudurymyza seretdi. —Nätdim?

Biz hor bolup:

— Da:ş etdiň!

Enem köplenç biziň sponsorymyz ýalydy, näme garagolluk etsek, arkamyzda durýar. 

Agşama golaý wagt kakam eli çyralyja işden geldi. Biziň tördäki jaýlaryň birinde bezäp goýan arçamyzy görüp, onuňam gözi gamaşdy. Ýüzüne çagalaryňky deýin, ýylgyryş çaýyldy. Ol hem çagaka meniňki ýaly garagolluklary eden bolsa gerek. Uzak wagtlap arçany synlaýşy, hyýalynda şol pursatlara gaýtadan şaýat bolup durana çalymdaşdy.

Çyralary arçajyga orap beren kakam, çyrany ýakmagy maňa tabşyrdy. Ýakdym...

Şöhle çar ýana ýaýylyp, horaşaja öýjagazymyzyň içini has-da ýagtyltdy. Depedäki ýyldyz arçajyga aýrybaşga gözellik berdi. "Görmäge göz gerek" diýip, içimden arçamyza buýsanyp, uly baha berdim. Jigilerim bu hadysa hasam begendiler. Heziller edip el çarpyşyp, arçajygyň daşynda pyrlanyşdylar. Menem pyrlandym. "Çagalygyň iň gowy tarapy: näme hereket etseň-de, saňa gelişmegi" diýip, şol pursat çagadygyma begenip, içimi hümletdim.

11 |