Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ajaýyp Ýusup

9 minut alar

 Ajaýyp Ýusup

  (hekaýa)

Ol her gün irden dört tigirçekli arabasyny tigirläp, etrap merkezine gidýär. Bu arabany birwagtlar ilkinji perzendi üçin satyn alypdy. Şondan soň Ýusubyň ýene bir çagasy – edil ejesine meňzäp duran tokarja gyzy dünýä indi. Onuň “Bary – ýogy iki gözüm” diýip atlandyrýan çagalary – bir oguldan we oglundan iki ýyl soň dünýä inen tokarja gyzyndan ybaratdy. Ýusubyň “iki gözüm” diýip atlandyrmagynyň öz manysy bardy. Ol doglanyndan bäri şowa kör. Şol sebäpden eline ilen zady gözüniň alnyna getirip, gowuja synlaýar. Köplenç aýaly tarapyndan başlanýan sene- menelerde aýalyna: “Seni görmän aldym” diýmegi gowy görýär. Hamana, şonda ähli içiýangynlylygy bilen hasaplaşýan ýaly, her gezek şeý diýip aýdýar. Her gezegm bu jümle iki tarapy-da köşeşdirýär. Ähli adamlara-da göz gerekdir weli, ol Ýusuba hasam wajyp. Sebäbi ol dört tigirçekli arabasyny tigirläp, etrap merkezine söwda etmäge gidýär. Birwagtlar onuň bilen bile söwda başlan ýoldaşlarynyň köpüsi harydyny çalşyp, täjir bolup gitdiler, kaşaň öý gurşup, uly söwda dükanlaryny açdylar. Ýöne Ýusup welin, asylky söwdasyndan üýtgemedi. Mundan otuz ýyl öň çigit satyşy ýaly, şol çigit söwdasy bilenem galdy. Ol harydyny üýtgetmese-de, söwda edýän nokatlaryny täzeläp durýardy. Ony hem mejbury täzeläp durýardy. Sebäbi täzeden – täze binadyr edara jaýlary gurlup, Ýusup ol ýerlerden göçüp gaýtmaly bolýardy. Etrabyň irki ýaşaýjylary Ýusubyň demir ýol menzilinde çigit satmakdan başlandygyny ýatlaýarlar. Ondan soň Ýusup etrabyň seýilgähine golaýlapdyr. Şolam onuň iň uzak söwda eden ýeri hökmünde adamlaryň ýadynda galypdyr. Indi Ýusup etrabyň başga ýerinde söwda edýän bolsa-da, birbada ony seýilgähiň öňünde oturgyçda, öňündäki harytlaryň haýsy hem bolsa birine dümtünýän görnüşde göz öňüne getirýärler. Adamlar göz öňüne getirýärkä, ol köp söwda nokatlaryny täzeläp, ahyry hem kireý edýän sürüjileriň golaýynda ornaşdy. Söwda etmek üçin Ýusup şundan amatly ýeri we adamlary tapybilmedi. Sürüjiler hemişe onuň ownuk harytlarynyň yzy üzülmeýän müşderileridi. Uzak ýyllardan bäri söwda edensoň, Ýusup kejir sürüjiler bilenem dil tapyşýardy. Endik bolup gidenindenmi ýa başga sebäbe görämi, olaryň käbiri şo dört tigirçekli arabany idip, ýuwaşlyk bilen tigirlenip gelýän Ýusuby görýänçäler, täzeräk söwda etmäge gelen garry daýzadan-da, onuň ýanyndaky ýedi ýaşly agtygyndan-da zat satyn almaýardylar. Bu ilkibadalar “Şu ýerde söwda gowy bolýar öýdýän” – diýip gelen garry daýzany kejikdirip, tasdan täze ýere göçüripdi, ýöne ony maksadyndan dändiren ýene Ýusubyň özi boldy. Ol: “Meni hem birbada kabul edip barmadylar. Kem – kemden saňa-da öwrenşerler” diýensoň, garry daýza iküç ädim  gyra çekilip oňaýdy. Etrap uly gurluşyk meýdançasyna öwrülensoň, baran ýeriňde-de uzak galyp – galmajagyň belli däldi. “Her kimiň ryzkyny Alla berýär” – diýip, garry daýza düşewündine kaýyl boldy. “Sypaty dagy näteňet?” – diýip, ilkibadalar Ýusuba seňrigini ýygryp sereden daýza tanadygyça, ony oňat gördi. Ýusubyň bolsa şeýleräk daş keşbi bardy. Ol orta boýly bolsa-da, hemişe kellesini iki egnine sokubrak ýöränsoň, kelte görünýärdi. Ýüzüniň tas ýarysyny ýapyp duran, lupa pisint äýnek dakynýandygyna seretmezden, ol zatlary gözüniň golaýyna getiräýmese, oňat görmeýärdi. Şol sebäpden ýöreýän ýoluny saýgarmak üçin kellesini aşak goýberýärdi. Haýal ýöränsoň, onuň aňsat – aňsat ýykylanyny ýa büdränini gören ýokdy. Ol birnäçe ýyllaryň tejribesi esasynda, galyberse-de, ýaşlyk döwrüniň alňasak, howlukmaç sapaklary zerarly, özüne, iň gowusy, howlukman ýöremegi pent edinipdi. Birki sany sürüji onuň şapkasyny hiç haçan çykarmaýandygy üçin kel bolaýmasyn diýen pikir bilen Ýusubyň närazylygyna seretmezden, çykaryp görenlerinde, onuň goňur saçlaryna haýran galypdylar. Ýusup şonda bu ýere geleni bäri ilkinji gezek paýyş sögünip, öz ýanyndan hüňürdäpdi. Ol gaharlanan wagty hemişe şeýdýärdi. Müşderiler bilen ylalaşmasa-da, bir zada gahary gelse-de, öz ýanyndan eşidiler – eşidilmez hüňürdän bolýardy-da, beýlesine bakyp oturýardy. Ondan paýyş sözleri şeýle ýuwaş hem ynamsyzlyk bilen eşiden sürüjiler ala pakyrda berýärdiler we derrew Ýusup bilen ýaraşmagyň ýoluny gözleýärdiler. Görk babatda onuň ýeterlik paýynyň bolmagy hem ahmaldy, kim bilýär, onuň görmeginem goňur saçlaryny gizleýşi ýaly, gizleýän bolmagy mümkindi. Şowa kördügi sebäpli, ýüzüniň tas ýarysyny tutup duran lupa pisint äýnekleriň aňyrsyndan onuň gözüniň hakyky ululygyny anyklap bilmän, diňe olaryň bir zady ünsli synlanynda, süzülip – kiçelip gidýändigini görýärdiler. Ýusup bolsa hemişe nämedir bir zady synlaýardy. Ol ýa harydyny anyklajak bolup, ýa-da berlen puly sanajak bolup, olary Güne tarap tutýardy. Galan wagtlaryny bolsa, iki açylýan oturgyjynda oturşyna, nämedir bir zada dümtünip geçirýärdi. Eger ýylyň dört pasyly bar bolsa, Ýusup üçin iki pasyl bardy. Ol ýa köneliginden ýaňa çalaryp giden gara güpbüli, kellesi telpeklidir, ýa-da, birwagtky biçüwdigini “90-njy ýyllar” diýen ýazgysy habar berýän sport eginbaşlydyr. Diňe örän yssy tomus aýlarynda onuň şapkasyny çykarýan pursatyna gabat gelmek mümkin, ýöne irden öýünden çykan wagty we agşam öýüne barýan wagty ol yssy günlerde-de şapkasyz köçä çykmaýar. Şeýlelikde, Ýusubyň dört tigirçekli çaga arabasynda çigitdir sakgyçlar, patrakdyr kükürt çöp ýaly ownuk – uşak harytlar ýerleşýär. Esasy harydy çigit bolansoň, Ýusup şybyrdysy edil bugdaý däneleri ýaly eşidilýän çigitlerini altyn teňňelerdir öýtmeýär. Olaryň sesi gulagyna hoş ýakyp, agyr iş etmänsoň, zenanyň eli ýaly myssyk barmaklarynyň arasyndan çigitlerini höwes bilen geçirip görýär. Şonda ýaşalan ömür ýaly dökülip giden çägeleri ýatladýan çigitleriň ownuk duzlary barmaklaryna ýelmeşip galýar. Şol şor barmaklary bilen maňlaý derini sylýan Ýusup şahyr bolan bolsa-da: “Ah, şor maňlaýym”- diýip goşgy ýazmazdy. Sebäbi ol beýlekileriň garaşyşynyň tersine, özüni bagtly adam hasap edýär. Umuman, ýuwaş umman ýaly sessiz Ýusubyň daşyndan nebsagrynç görünse-de, içinden örän bagtly adamdygyny “adadakylar” näbilsin?! Olar Ýusubyň ýekeje gyzynyň durmuş toýuny şeýle uludan tutjagynam bilmediler. Ýusup bolsa, garaşylyşynyň tersine, gadymy soltanlar ýaly toý berdi. Bu waka güýzüň iň ýakymly günleriniň birinde bolup geçipdi. Şol gün külbe ýaly kiçijek öýüň daşy dürli reňkli lentajyklar bilen bezelip, olar ullakan ýüregiň şekilini emele getirýärdiler. Öýüň daşyndaky pessejik germewler şar bilen bezelensoň, bolşundan uzyn görünýärdi. Diňe germew däl, öýüň özem bezegleri sebäpli, bir gez ulalan ýalydy. Toýa ýygnanyşan mähelle haýsy işiň başynda bolsa-da, öýüň bezegine keýpine göz aýlap goýberýärdi. Bu bezeg, aýratynam, jadyly dünýä düşen ýaly, bir ýerde durmaýan çagalaryň höwesini artdyryp, olar öýüň töwereginde hezil edip oýnaýardylar. Diňe toý gününde olaryň çykarýan hokgasyna gaharlanýan, aýaga çolaşsa-da, gygyrýan adam ýokdy. Sebäbi hemmeler toýuň şatlygy bilen başagaýdy. Hamana, bu gün diňe şatlanmaly ýaly, çagalara tertipli bolmak baradaky duýduryşyň äheňi hem azsalymdan ýitip gidýän ýarym gahardan aňry geçenokdy. Bilgeşlän çagalary öjükdirip, olaryň oýnuna hezil edip gülýän uly adamlaram bardy. Bu günki toýuň şatlygyna uly adamlaryňam ýüregi bökýärdi. Olar dynuwsyz, ýa toýuň aşpezine kömekleşip ýören, ýa-da saçak ýazyljak ýeri taýýarlap ýören Ýusuba sorag oklaýardylar. Ömür garynja gatnawy bilen ýöreýän Ýusup, zady zikge kakýanyň ünsi bilen synlaýan Ýusup toý gününde ähli zada ýetişjek bolup başagaýdy. Şol sebäpden soraglaryň köpüsi diňe gülki sesleri bilen jogapsyz galýardy. Olaryň külbe ýaly pessejik jaýyna mähelle bary ýygnanyp, gitdigiçe artmak bilendi. “Ilim – günüm bolmasa, Aýym – Günüm dogmasyn” diýýän türkmen halky bu aýtgyny tüýs ýygnanşyp, jemlenşip alada sowmak üçin döreden ýaly, daş – töwerekde Ýusubyň ýeke gyzynyň toýuna gelmedik adam galmady. Iň esasysam, bu toýuň şowhuny ýat ýerlerden düşen myhmandyr mediwanlaryňam ünsüni çekýärdi. Olar daşyndan uly ýüregiň şekili bilen bezelen kiçiräk jaýa haýran galyp geçip gidýärdiler. Her kim öz islän işiniň başyndady.  Ýusubyň on sany doganyndan aýatda sekiz sanysy diri gezip ýörendir welin, ýöne olaryňam diňe iki sanysy mähelläniň içinde aýlanyp ýördi. “Ony eýdiň, muny beýdiň” – diýip ýörmänlerinde-de, ýaşdygy ýüzünden bildirse-de, eýýäm dyzlaryndan kuwwat giden etli – ganly bu iki aýala, gaýtam, “Özümiz ederis, daýza” – diýşip, ýaş gyzlar oturmak üçin ýer görkezdiler. Ýusubyň bir aýal dogany uzak ýerlere durmuşa çykyp gidensoň, ýakynlary bilen hal – ahwal soraşmaga-da ýetişenokdy. Umuman, direnşip duran garyndaşlary bolmasa-da, bolanja garyndaşlary näme etmelidigini toý mähellesiniň özünden soraýardy. Agşam düşüp, toýuň bagşysy aýdyma başlamanka, saçak başyna geçmegi mürähet etdiler. Şol wagta çenli ähli zatlar taýýar boldy. Dört gazanda üç dürli nahar gaýnap, ýaş ýigdekçeler hyzmata gaýym bolup durdular. Molladan rugsat bolsa, olar çar ýana ugramaly çaparlar ýaly, nahar çekmäge başlamalydylar. Toý saçagy edil bugdaý pelleri ýaly, gönüden uzyn hatar bilen ýazylandy. Onuň üstünde zenanlaryň uzak günki zähmeti: süýjüdir köke bolup, tagamly işdäçarlar bolup durdy. Tertipli we jaýlaşykly goýlan käsedir çemçeler, dürli ululykdaky mejimelere salnan miweler gapdalyna gonubilseň, bes, sabyr – kanagatyňy synamaga ýeterlik sebäpdi. Birwagtky patyşalaryň arzyly myhmanlaryna taýýarlan desterhany ýaly dabaraly hem gabaraly, dürli naz – nygmatly saçagynyň başynda Ýusubyň toýuna gelen galyň bende oturmalydy. Toýuny patyşalarça tutýan türkmeniň göwni ýaly giň saçagyň başy dürli kärde zähmet çekýän ýönekeý halkdan doldy. Olaryň arasynda wezipeli gullukçylardanam bolsa bardyr welin, galabasy Ýusubyň özi ýaly sada işçilerden ybaratdy. Kimiň nähili derejesiniň bardygy toýa ýygnanyşan hiç bir kesi gyzyklandyrmaýardy, olar beýlekileriňem özi ýaly adamdygyny bilýärdiler. Bu aýratynlyk etrabyň toýlarynda has gowy saklanyp galyp, şo günki günlerde hem dowam edýärdi. Şol sebäpden türkmen toýlaryndaky saçagyň başynda oturanyň her biri handy, her biri soltandy.  Bardy-geldi, üst-başy gymmatbaha daşlardan doly “ýat” myhmana gözleri düşäýse-de, biri-birine ümlemekden aňry geçenokdylar. Etrabyň ýaşaýjylary özüni bildirýän baýlygyň toýlardaky çykyşlaryndan entek mahrum bolup, onuň diňe käbir sahnalaryna şaýat bolýardylar. O sahnalaryň üstündenem entek – entekler, baýlygyň özüni ýygy-ýygydan bildirmäge başlaýan günlerine çenli, äwmezeklik hem-de biparhlyk bilen böküp geçýärdiler. Soň-soňlar Ýusubyň ýeke gyzynyň toýuny uludan tutandygyny ýakymly ýatlama bilen ýatlaýan wagtlary adamlar biri - birine şo toýlaryň hakyky toýlar bolandygyny köp gezek gürrüň berdiler. Agşam düşüp, toý çyralary ýakylansoň, Ýusuby gören adamlar gözlerine ynanmajak boldular. Hemişe şol bir eşiklerde gezip, ýylyň diňe iki paslynda olary biri-biri bilen çalyşýan Ýusubyň egninde gara penjek bilen jalbar bardy. Lupa pisint äýneklerini aýyrmadyk bolsa-da, agşam çyralarynyň ähli zady ýaldyrawuk görkezýänligindenmi, Ýusubyň ýüzi ýag çalnan ýaly ýalpyldaýardy. Birwagtky jedelleşen sürüjileri haýran galdyran goňur saçlary bir gapdala açylyp, usul bilen daralandy. Özüni synlamaga mümkinçilik beren pursatyň hiç bir tarapdan egsik bolmazlygy üçin giňden açylan gözleri daş – töweregindäki adamlara minnetdarlyk bilen seredýärdi. Onuň bu garaýşy, isleseň – islemeseň, adamda nähilidir bir wajyplyk duýgusyny kemala getirip, özüňi we garşyňdaky Ýusuby wajyp adam ýaly duýmaga iterýärdi. Ýöne bu göräýmäge şeýledi. Pursatsalymdan bu wajyplyk ýitip, Ýusup sebäpsiz aljyramaga başlaýardy, ýöne ol örän bagtyýardy. Ýusubyň ýanyndaky dykyz göwreli aýalynyň egninde güli goçak ýaşyl köýnegi bardy, başyna bolsa uzyn seçekli atylandy. Eger onuň Ýusubyň aýalydygyny ýörite bilýän adam bolaýmasa, başga biridir öýdülmegi gaty ähtimaldy, sebäbi şo çaklarda uly ýaşly zenanlardan başgalar beýle görnüşde toýa çykmaýardylar. Ýusubyň biraz aljyramagynda adamlara bolan ýadyrgama bardy. Ol edil ertekidäki öz gabyndan nahar iýmedik gahryman ýaly, adamlaryň göwnühoş görnüşine öwrenşibilenokdy. Ony iň aljyradýan ýerem, şo bagtyýarlygy we göwnühoşlugy özüniň döredýänligidi. Nirededir bir ýerde, nämedir bir zatda kemter gaýdýan bolaýmaýyn diýen pikir onuň bir pursatam ýadyndan çykmaýardy. Ýadyndan çykmaýardy-da, onuň ýene-de egnini gysybrak, ikiýana haýdaşlap, elinde baryny edip, baryny – ýoguny orta goýup, toý tutmagyna borçly edýärdi. “Ynsany eşigi bezär” diýişleri ýaly, Ýusubyň täze keşbini görenler “Ajaýyp!” – diýip baha berdiler. Garaz, Ýusubyň ýeke gyzynyň toýy uludan tutulyp, dabarasy dag aşdy. Adamlar dilleşibem munuň ýaly bagtyýarlyk bilen toý toýlamazdylar. Her kimiň göwnüne görä bolýan bolsa, Ýusubyň ýeke gyzynyň toýy onuň göwni barada ähli zady aýdýardy. Ýüregiň şekilinde bezelen pessejik öýüň ýagty çyralary düşen ýerini ýagtyldyp, gujagynda bolup geçen şady – horramlygy ertekä, toýuň märekesini bolsa ertekiniň gahrymanlaryna öwürdi. Adamlar bu toýy uzak wagtlap unutmadylar. Aýratynam,  gara penjek jalbarly, ýüzi ýag çalnan ýaly lowurdaýan Ýusup minnetdar hem-de biraz aljyraňňy keşbi bilen olaryň ýadynda galdy.

 Ertesi ençe ýyllaryň dowamynda çigit satyp, müşderilerinden gören peýdasynyň hasabyna gadymy patyşalarça toý beren Ýusup dört tigirçekli arabasyny tigirläp, etrap merkezine söwda etmäge barýardy. Ol ýüzüniň tas ýarysyny tutup duran lupa pisint äýneklerini ýola gönükdirip, howlukman ýöräp gelşine, gyz çykaryp, hakykatdanam, hiç kimiň baýamandygy hakynda pikir öwürýärdi.

 

Bägül ATAÝEWA

 

 

4 |