Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Terjimeçi

Agata Kristi

1 minut alar

Agata Kristi

Bu makalada dedektiw kitaplar diýilende ilkinji ýadyňa düşjekleriň biri bolan Agata Kristiniň döredijiligi barada okyjylaryň dykgatyna gysgajyk maglumatlary ýetireris. 

Doly ady Agata Meri Klarissa Miller Kristi Mellowan bolan Agata Kristi (1891— 1976) iňlis ýazyjyşy, dedektiw žanriniň ussady. 85 sany romanyň, 20 sany pýesanyň we köpläp hekaýalaryň awtory. Kristi dedektiw romanlaryndan daşary Meri Westmakott tahallusy bilen birnäçe yşk romanlaryny hem ýazypdyr, emma yşk romanlary dedektiw eserleri ýaly meşhurlyk gazanyp bilmändir. 

Agata Kristiniň iň gowy eserlerinde («Gündogar ekspresindäki jenaýat», "Kaminleriň syry" , "Gizlin duşman", "N ýa-da M?", "Galkan" , "Sapagymyz jenaýat" we ş.m) jenaýat diňe deliller bilen açylman belki-de gahrymanlaryň, meselem belgiýaly sülçi Erkul Puaronyň adatdan daşary duýgurlygy bilen paş edilýär. 

Agata Kristi dünýäde iň köp eserleri terjime edilen ýazyjy diýlip bilinýär, onuň eserleri 103 dile terjime edilipdir. Onuň eseleriniň bu derejede uly üstünlik gazanmagynyň sebäbi sýužetiň gyzyklylygy, çözümiň garaşylmadyklygy, personažlaryň aýdyňlygy bilen düşündirilýär. 

#Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Saparmyrat GÜRGENÇLI 

18 |