baby«Kawwam» — hojaýyn däl, jogapkär diýmekdir.
Nisa süresiniň 34-nji aýatyndaky «kawwamun» sözi arapçadan «ekläp-saklaýjy, goraýjy we jogapkär» diýip terjime edilýär, «hojaýyn» ýa-da «hyzmatkärini dolandyrýan» diýen manyny bermeýär. Buharide gelen hadysda hem aýala «öýüň hyzmatkäri» däl-de, «öýüň çopany (dolandyryjysy/jogapkäri)» diýilýär. Dolandyryjy bolmak bilen hyzmatkär bolmagyň arasynda uly tapawut bar.