Gir

Post

@serdaryn_pikirleri-e jogap

"Aram-aram ýadawsyz zähmet çekip ýazan eserleriňize degişli gelýän tankytlardyr bellikler, bir bada höwesiňizi gaçyrýan hem bolsa", sen-ä oňarýaň-aý her gezek, tankyt bir zadyň ösmegine kömek edýän, adamlaryň ýalňyşlaryny görüp, hasam gowy zatlary etmegine sebäp bolýan zat. Muny bilmeýän biri ýazyjy bolmak aňyrda dursun, durmuşda-da ösüş gazanmaýar, kämillik ýolunda bir ädimem ätmeýär. Muny bilmeýän biri ne düýpli işleri amal edýän programmist, gowy goşgylar ýazýan şahyr, jemgyýetçilik işi edýän ýolbaşçy bolup biler. Muny bilmeýän adam barmy? Görýän welin bar, we bu bolşuň bilen diňe adamlara ähmiýetsiz zatlary hödürläp bilersiň.

Entek güýz paslam-a gelmedi, seniň ýapraklaryň irräk saralyp başlapdyr. Pikirleriňi durlada ýene bir sapar synanşyp gör. Jemgyýet sözini aşa halapsyň! Dillere dessan edip başlapsyň! Başgarak sözlerem öwrenip ulanmaga başlan günleriňem ýakyndyr hernä.

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç