Post
"Aram-aram ýadawsyz zähmet çekip ýazan eserleriňize degişli gelýän tankytlardyr bellikler, bir bada höwesiňizi gaçyrýan hem bolsa", sen-ä oňarýaň-aý her gezek, tankyt bir zadyň ösmegine kömek edýän, adamlaryň ýalňyşlaryny görüp, hasam gowy zatlary etmegine sebäp bolýan zat. Muny bilmeýän biri ýazyjy bolmak aňyrda dursun, durmuşda-da ösüş gazanmaýar, kämillik ýolunda bir ädimem ätmeýär. Muny bilmeýän biri ne düýpli işleri amal edýän programmist, gowy goşgylar ýazýan şahyr, jemgyýetçilik işi edýän ýolbaşçy bolup biler. Muny bilmeýän adam barmy? Görýän welin bar, we bu bolşuň bilen diňe adamlara ähmiýetsiz zatlary hödürläp bilersiň.
Hemme adam oňarýan zadyny etmeli bolar-a! Men ýazýan, sen bolsa belliklerini iberýän. Her sapar ýazan zatlarymy gyzyklanma bilen okaýanyň üçin saňa-da buýsanýaryn. Sen okaýan zatlaryňa pikirleriňi oklaber, galanlaram öz bilýän zatlaryny neşir etsin dursunlar. Guwanmak üçin hiç zat bilemmokmy! Ýazýan zatlaryny okaýan, emma sen ýaly her okan zadyma girip, bokuň içinden monjuk gözlämmok. Satýan pikirleriňi özünde jemläber, sen bu makalam.com-yň açylmagyna, galyberse-de meniň ýazgylaryma kän garaşdynmy? Ýöne diňe meňkilere däl, eýsem köp adamlaryň ýazýan zatlaryna at dakyp çykypsyň. Tekiz, pekge, jemgyýet sözlerinem azyrak ulan, alyp barşyň adamlaryň ýüregine düşip başlapdyr. Okaýan kitaplaryňdan başgarak sözler bilen alyş-çalyş edäy arasynda!
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
