Post
Ýüzleý we gysga bolsa-da gowy. Meňem şeýle belläp galan gaty kän "barada"-larym we wagtynda belläp galan garaýyşlarym bar welin, paýlaşmaga ýaltanýan-aý.)
5 jogap
@Derwüş Zenan , maslahatlaryňyzy bellige alan @seneca, belkem iň gysga wagtda bize hazynalaryndan eçilier. Şu sapar tankydy belliklerinden gaça durup, ``ýüzleý we gysga bolsa-da gowy`` sözleri bilen ýetindi oturuberdi. Aram-aram meni geň galdyrmanam duranok bu ýigit.
@seneca, paýlaşmaga ýaltanmazlyk üçin näme etmeli? Pikirler gelen badyna haýsydyr bir notebook applikasiýa belläp goýmaly, soňra taraşlamaly, kesmeli-biçmeli we parçajyklardan ýygyndy döreýär. Not book-yňdan kopiýa edip paýlaşaýmaly, wessalam🤓. Emma ýekeje minus tarapy - bu "hezillik" ýa-da gysga ýol, ruçka bilen depdere ýazyp bellik etmekden sowaşdyrýar we olar sessiz dillenýärler ki: "Ýa klawişi saýla, ýa-da bizi!" :-)
Paýlaşyber, hormatly @seneca, sende hem gömülip ýatan hazyna kändir. Belliklerimden diýip ýazdym ahyryn!