Post
Ilki nähili jogaplar gelerkä diýip garaşdym. Pikiriňizi beýan etmegiňize hormay goýýaryn, emma makalama ýalňyş düşünipsiňiz, we köp zatdan bihabar. Elbetde syçan bilen adamyň söýgisi deň däldir, men "syçan bilen adam deň" diýmedim ahyryn. Syçanlaryň derňewlerde ulanylmagynyň sebäbi, olaryň DNK-synyň adamlara gaty ýakynlygy, beýin işlerinde käbir meseleleri anyklamak üçin ulanylýar. Bilim adamlary "söýgi barmyka" diýip, kelle döwenoklar. Beýindäki täsirleri ölçäp, nähili ýagdaýda nähili garşylyk berýändigini anyklap (B ýere basylsa A garşylyk, dopamin we ş.m), bir tezis döredýärler, şeýlelik bilen, adamyň söýen wagtyndaky beýinde emele gelýän himiki reaksiýalary kesgitläp, bir netije çykarýarlar. Söýgi diýlen zat ýürekde däl, beýinde döreýär
Hem men "ylym muny subut etdi, indi şu dogrudyr " ýaly zady öňe süremok we diýemok. Söýginiň nämedigini düşündirmek üçin ýazyjy şahyrlaryň eden işleri elbetde netije bermez.) Sebäbi bu şahyrlaryň edip biljek zady däl, edebiýat bilen ylmyň arasynda dag ýaly tapawut bar, şahyr edebi, çeper dünýäniň agzasy, diňe edebiýat söýgini ulaldyp, ol barada romanlar, goşgular ýazýar, sebäbi bu ady aýdyp dur, edebiýat, çeper garaýyş. Çeper garaýşyň hiç hili ylmy tarapy bolmandygy üçin, hakykaty görkezmeýär. Aşakdaky soraglaryňyz bolsa gaty uly tema, belki başga bir gün gürleşäýeris. Düşündirip bilendirin diýip umyt edýärin.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
