Gir

Post

@serdaryn_pikirleri-e jogap

"Aram-aram ýadawsyz zähmet çekip ýazan eserleriňize degişli gelýän tankytlardyr bellikler, bir bada höwesiňizi gaçyrýan hem bolsa", sen-ä oňarýaň-aý her gezek, tankyt bir zadyň ösmegine kömek edýän, adamlaryň ýalňyşlaryny görüp, hasam gowy zatlary etmegine sebäp bolýan zat. Muny bilmeýän biri ýazyjy bolmak aňyrda dursun, durmuşda-da ösüş gazanmaýar, kämillik ýolunda bir ädimem ätmeýär. Muny bilmeýän biri ne düýpli işleri amal edýän programmist, gowy goşgylar ýazýan şahyr, jemgyýetçilik işi edýän ýolbaşçy bolup biler. Muny bilmeýän adam barmy? Görýän welin bar, we bu bolşuň bilen diňe adamlara ähmiýetsiz zatlary hödürläp bilersiň.

Men bir zat diýýän, bu başga zat diýýär.)) Agzynyň aýdanyny gulagy eşitmez boldy bu-la tüýs. Men başga zat bilen işim ýok, ýöne saýtda biderek (ähmiýetsiz) zatlar açyp, ägirt iş edýän görünýänlere-de 1-2 agyz duýdurmak diňe meniň däl, hemme kişiň borjy bolmaly. Munam men däl, asyl sen bilmeli, sebäbi sen jemgyýetçilik barada makala açan bolýaň, intek şuny hem bileňok.

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç