Post
Umuman, şahsy çäkler diýilýäni gyzyl çyzgymyz (türkçede bilýän bolsaň "kirmizi çizgi"). Adamlara öz ýeriňi we olaryň ýerini görkezmeseň saňa ýeriňi bildirjek bolmaga hem synanyşýan mahallary bolýar. Seni gysyp-gysyp, kiçijek ýere sygdyrýarlar, olaram "sen goşulma", "sen ýeriňi bil", "derejäňi bil" ýaly sözler bilen amala aşyrýarlar. Şol sebäpli saňa ýeriňi görkezjek bolýanlara "bye bye" diýmeli. Ýok diýmek barada hem köp zat bar, köp ýerde gabat gelinýär. Umuman bu hem, özüňe ynamy berk tutmak üçin iň wajyp zatlaryň biri bolup durýar. Meselem, biri bir zat diýdimi, "ýok" diýdiň gutardy, düşündirjek bolup wagt ýitirmeli däl. Düşündirjek bolup, sakawlap durşuňa eliňi tabşyryp gidýärler, duýmaýaňam. Hiç kimiň göwni seniň göwniňden wajyp däl.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
