Gir

Post

Eger ähli pikirlerimiz haýsydyr bir täsiriň netijesinde emele gelen bolsa, onda hakykatdanam özümize degişli pikir barmy? Ýa-da biz diňe öň eşiden seslerimizi başga sözler bilen gaýtalaýarysmy?

3 jogap

muawiye

Ýörite şol barada kitap bar. Henrik Fekseusyň "Gizli Manipulasiýa" kitaby. Ähli zat bize täsir edýär, düşünjelerimiz şolardan täsirlenýär. Mysal üçin, sögüşip duran jübütlere gabat gelip, soň bir zatlar barada pikirlenseň, şol sögüşiň täsiri şol pikiriňde bolýar, pozitiw ýa-da negatiw. Ýöne sen bu pikiriň hut özüňkidigini pikir edýärsiň. Reňkler, howa, gepler, gürrüňler hatda yslar hem bize täsir edýär. Şol sebäpli taryhda "obýektiw bolmak mümkin däl" diýip gürleşilýär. Hakykatdanam.

Ýene 1 jogap

Özümize degişli pikir ýok bolsa,açylyşlar ýa-da döredilen zatlar nireden gelýä?

Gowy sorag. Ilki bilen şu wagtky özümizi binýat eden ähli düşünjeleriň aslynda hut öz saýlawlarymyza görä şekillenýändigini nazara alyp, pikirlerimiziň hemmesiniň daş-töwerekden, gören we okan zatlarymyzdan emele gelmegine garamazdan munuň biziň özboluşly pikirlere eýe bir şahs hökmünde görülmegimize böwet däldigine düşünmeli, sebäbi özboluşlylyk hiç bir zatdan täsirlenmezlik däl, kabul edýän pikirlerimizi soraglap öz ýörelgämize ornaşdyryp bilmekdir.

Her näme-de bolsa bir pikire eýe bolmak bilen o pikiriň düýp çeşmesine düşünip öz durmuşyňa salyp bilmek şol bir zat däldir ahbetin.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç