Eger ähli pikirlerimiz haýsydyr bir täsiriň netijesinde emele gelen bolsa, onda hakykatdanam özümize degişli pikir barmy? Ýa-da biz diňe öň eşiden seslerimizi başga sözler bilen gaýtalaýarysmy?
Post
Ýörite şol barada kitap bar. Henrik Fekseusyň "Gizli Manipulasiýa" kitaby. Ähli zat bize täsir edýär, düşünjelerimiz şolardan täsirlenýär. Mysal üçin, sögüşip duran jübütlere gabat gelip, soň bir zatlar barada pikirlenseň, şol sögüşiň täsiri şol pikiriňde bolýar, pozitiw ýa-da negatiw. Ýöne sen bu pikiriň hut özüňkidigini pikir edýärsiň. Reňkler, howa, gepler, gürrüňler hatda yslar hem bize täsir edýär. Şol sebäpli taryhda "obýektiw bolmak mümkin däl" diýip gürleşilýär. Hakykatdanam.
·