
Post

6 jogap
Edep? Edep näme aslynda? Etikamy? Özüňi alyp-barmagyň kadalarymy? Kim kesgitledi edebi ýa-da edebiň düýbi nirä daýanýar... Men şuňa entägem düşünip bilemok... Näme üçin özümizi belli bir galypda, "edepli", "medeni" alyp barmaly? Esasy men eden zadym bilen ile ters täsir etmesem bolany bolmazmy?
Berekella! Şuwagta çenli şuýerden okan zatlarymyň arasynda iň göwnümden turany! Gyzlarymyz edep hakynda, ýigitlerimiz ylym hakynda ýazsalar ýerine düşýär. Hem edepli, hem ylymly ýazylan ýazga bolsa taý geljek zat ýok. Ýene bir gezek BEREKELLA!
Köp minnetdar, ruhlandyrjy sözleriñize sagboluñ! Her gezek: "pozayaynla" dp gelip, pozjagymy pozmajagymy bilmän gidyän. "pozamda, barybirem bu meñ pikirlem" diyyädim.
ýöne men aýtdym "Kiri üstünden suw guýsaň ýuwup bolýar, ýöne ýuwup bolmaýan kirler bar" diýdim. Bilemok düşündimi düşünmedimi. onuň gürrüňini edýän gyzyny men tanamok. ýöne br zady bilýän. Hiç haçan hem akýürekli zandy edebi terbiýesi göreldesi gowy adam başga birini bular ýaly sözler bilen atlandyrmaz. Ol munuň peslikdigine düşüner. Adam näçe ylym bilimli boldugyça bular ýaly ownujak hem pes zalardan daş bolýar. Ýöne şu peslikden başga zady başarmaýanlaryň welin eger eger dilini ýygdyryp bolanok. Bolmsa biragyz "Seniň özüňde bir edep barmy, özüň bir ýerine ýetirýäňmi? Suwa düşen wagtyň ähli kirleriň aýrylyp gidýärmi?" diýip soramaly welin
howwa her kimiñ bir dünyägarayshy bar-da:) kim üçin ownuk zat kim üçin uly zat bolup bilyär. birem: "gep eyesini tapar" diyen söz aydypdyrlar birileri.
Edep hakda edepsiz adamlaryň köp gürleýändigini bilýärin. Ol eýle bu beýle diýip özlerinde edep ýok birinji nobatda. Şo sebäpli gürrüňlerem täsirsiz bolup galýar. Hiç kim ynananok. sebäbi edebi görkezmeli adamlara. Dilinde her kimem aňrybaş barypýatan edepli adam. Ýöne aslynda welin kemçiliklerden doly. Meniň-ä iň halamaýan zadym biriniň kemçiliklerini aýdyp ýörmek. Kimdir birini yamanlap öz abarýyny galdyrmaga synanyşýanlardan doly durmşymyz. Adamlaryň aň derejsi ýokary bolsa bu nogsanlyklardan saýlanarys. Ýekeje bir mysal. Bir gyz gürrüňini edip gelýär beýleki bir gyzyň, arasynda bolsa "waýeý şo kirlimi" diýip soraýar. Daşyndan birhili görünýär maňa. Sebäbi özi arassa bolansyraýar, ýöne men aýtdym "Kiri üstünden suw guýsaň ýuwup bolýar,
birem bu yazgyny gije sagat 1:3 aralykda yazdym. arassa 4-5 gezek täzeden yazandyryn. ertir ir bn ishe gitmelem bolsa yazmasam ynjalmadym. yogsa otduhada garashsam bolardy. özümem agzajak däldim bashgalaram. bolamsoñam her hili edip üytgetjek boldym, ahyram, bes etdim. Yamanlansamam yamanlamayan,yañsylansamam yañsylamayan tarapdym men mydama. Bu meñ durmushda gatnashyan adamlarmyñ arasynda gúrläp bilmeyän zatlam. Yazasym geldi, yazdym, yazarynam. Kir hakynda aydanñyz bn ylalashsamam bu yere nämä gerek bolandygna da dushinmedim.
"Bir dirhemlik ylyma, müñ okkalyk edep gerek" Ryyazeddin Razy "Edebiñ nähili möhümdigini bilsediñiz, ryzka derek edep dilärdiñiz" Hz. Aly