
Post

3 jogap
Režissýor Halmämmet Kakabaýewiň ýokary okuw mekdepleri üçin ýazan ,,Kino.Režissýor" gollanma kitaby hem örän gyzykly.Ussat aktýor Ata Durdyýewi hem ilkinji gezek bu režissýor kinosyna düşüripdir. Pdf kitaby okamak isleýänler üçin link: kitaphana.net/book/2243
Powestiň başy toýda-toýa, obadan-oba gidip 3 aýdan soň öýüne dolanyp gelýän Şükür bagşy bn başlanýar.Kakamyrat Rejebowyň setirleri akla gelýär:,,Bagşy bagyşlamak sözünden belki / Ömri pida eýläp bagşy bolunýar".Filmiň ssenaristi kim, ýadymda däl.Komp. Nury Halmämmet, režissýor Bulat Mansurow.Läheňler...Soňky ýyllarda türkmen tomaşaçylaryny haýrana goýup bilen, 2022ý 9-njy maýynda ekranlara çykan ,,Gyzyl kürte" film boldy.Ssenaristlerinden biri Atamyrat Şagulyýewiň aýtmagyna görä baş gahryman zenan ýaşap ýören şahs.Ol wepadar garry zenany filmiň ahyrynda-da görkezýärler.Umuman, bizde film sungatyny ösdürip biljek hünärmenler köp, emma bu sungatymyz ga:lyba salnan.Ssenarist bolanyňyz üçin siz muny hemmelerden has gowy bilýänsiňiz...
N.Saryhanowyň bu powestindäki baş gahrymanyň real şahs bolmagy-da buýsandyryjy.Filmdäki Gulam bagşy çaga wagty hakyky Şükür bagşynyň şägirdi bolupdyr.Bu barada Atavatan tv youtobe kanalynda sazanda we teatr režissýory Bilbil Mämmedow gürrüň berýär.Filmde men Şükür bagşynyň dutarynyň tary üzülýärmikä diýýärdim.Ýalňyşypdyryn.Köne filmler hakda maglumatlary okamagy halaýan.Bu ýazan sy:nyňyz hem gowy, ýene-de garaşarys kino synlaryňyza.Google'a ,,kino öwreniji" ýazsaňyz gowy makalalar çykýar. atavatan-turkmenistan.com/gapbar-hummed…