Gir

Post

4 jogap

Daşary ýurtlaryň bilim-ylym ( sowat we bilim mekdepde alynýar, a ylym ýokary okuwda alynýar diýip eşidipdim,ýa-da okapdym) beriş sistemasy hakda okaýas, wideolar görýäs,ymtylýas...Olar 18 ýaşap eýýäm durmuşa taýýar güýçli, yhlas-hyjuwly we haýsy hünäre ukyplyklaryny kesgitläp bilýän ýaşlar bolýarlar.Sustupeslik deňzini artykmaç gulaçlamaýyn-da, repçi Däli Dädäniň sözi bn jemläýin: ,,Dogry ýerde dogulsaň hemme gapylar açyk / Soraglary bilmek gerek däl, jogaplary göçür..."

Mekdepleriň okadyş derejesi biri-birilerinden tapawutly.Meselem,käbir etraplarda rus dilini örän oňat öwredýärler, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde-de şeýle.Emma dil sapaklary boş oturyp geçilýän mekdepleriň ahwaly ýaman.Barybir boş oturmak bn wagt geçirilýär diýip okuwa gitmän gazanç edýän oglan-gyzlar obalarda juda köp.Onsoň ne mugallymda okatmaga höwes ga:lýar ne-de kämillige ymtylýan synpyň içindäki barmak basyp sanaýmalyja okuwçylarda...

Bu ýagdaýlary analiz edip degerli netije cykarylsa gerek. Bilimi ösdürmegiň gaty-gaty zerurdygyna düşünilýändir. Bilim ösmedik ýagdaýynda biz gara zähmet bilen eklenmänem onçakly başararys öýdemok. Çünki SSSR bize ýaltalygam öwredip gitdi.

Finlerde mekdep mugallymy bolmak uly wezipe alan ýaly görülýär. Olardan ýokarda diňe wraçlaryň aýlygy köp. Mugallymçylyk ugrundan okuwa girmegem iň kyn laryndan biri. Bir ýere 10 adam konkursy bar. Olarda çagalar hepdäň 6-7günlerem okanoklar. 5-nji günem gysga gün.

täzelikde Finladiya bn Koreyañ okuw sistemasy hakda widyo gördüm. Biri birine ters. Finlandiyada baha da goylanok eken 6-7 yyllap, Koreyada ir ertirden agşama çenli okayan ekenler. 2siniñem okuwçylary dünyä olimpiadalarynda iñ basarnykly okuwçylar eken. Finladiyañkyny biziñ köne medrese sistemamyza meñzesräk gördüm men-ä.

çagañ höwesine görä de hereket etmeli dp pikir edyän men-ä. nemes öwrenjek diyse, iñlis dili öwren dp dyzap durmaly dâl, pars öwrenjek diyse arap dp. nemes öwrenen inlis, pars öwrenen arabam öwrenerdâ.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç