4 minut alar
Her kim öz durmuşynyň serkerdesi
Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň ählisiniň öz işlerine jogapkärli çemeleşendiklerine seni ynandyrmagym üçin, meniň bu hakykatlary saňa gaýta-gaýta ýanjap oturmagym gerekmikä? Olar ömürleriniň bir sekundyny hem ýüzbe-ýüz bolan ýaramaz ýagdaýlary, teň hallary üçin kimdir birini ýazgarmaga sarp etmediler. Gaýta, durmuş bulara köp zatlary öwretdi — ýetip barýarka öň açyk duran gapynyň bulara ýapylandygy üçin ýa-da ýollaryna oklanan mydarsyz päsgelçilik üçin kimdir birini ýazgarjak, kimdir birine iňirdejek, igenjek bolmadylar. Hemme zady adaty bolaýmaly, hökman bolaýmaly bir waka,…