Post
Zametkaňyza bereket ýagsyn!🌚 Soňlaryna tarap absurd we gorkunç epizodlar... 👀🙌 "Düýşlerim pelsepämiň ýyldyzlary. Men olary yzarlap, garaňkylykdan aýdyňlyga tarap ýöreýän". Ýa-ha bu metafora, ýa-da düýşleriňizi depdere ýazýaňyz?
Salam, sagboluň. Depdere ýazjak welin. Düýşlerim depdere ýazar ýaly däl. Biri göräýse 👀... Dädem aýdýa: "Seň ýazjak zatlaňam, görýän düýşleň, multfilmleň, kinofilmleň ýaly zat..." Gije ýatman fantastik kinolar görsem gaharlanardy. "Ýatyp ukla, düýşünede şuňa meňzeş zatlar girýä". 14.07.2014ý. Ýary gije futbol görüwotyryn. Dünýä Çempionatynyň finaly Germaniýa - Argentina. Dädem: "Ýat, ukla. Bar bilen nemesler çempion bolýa". Şol günden dör ýyl ozalam, 2010-njy ýylda çärýek finalda Nemesler Argentinany 4:0 utan oýuny dädem bilen gördüm. 😐. Dört ýyl soňam, 2018-de Argentinalylaryň fransuzlardan ýeňlişini dädem bilen gördüm. 2022 Katarda geçen dünýä çempionatynda Argentinanyň ilkinji oýnuny hem dädem bilen görüpdim we dädemiň aýdyşy ýaly...
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.