Post
Zametkaňyza bereket ýagsyn!🌚 Soňlaryna tarap absurd we gorkunç epizodlar... 👀🙌 "Düýşlerim pelsepämiň ýyldyzlary. Men olary yzarlap, garaňkylykdan aýdyňlyga tarap ýöreýän". Ýa-ha bu metafora, ýa-da düýşleriňizi depdere ýazýaňyz?
4 jogap
Dädemiň aýdyşy ýaly Araplar Argentinalylary utdy. Soňra üç günden soň men Russiýa geldim. Çempionat "wäppişe" (🤦🏻♂️) üýtgeşik geçdi we iň soňunda Argentina (özem 11 ýyl garaşdymaý) çempion boldy. Men ynanamok. Özümi çümmükleýän, düýşmi bu? "Tur Baýramgylyç, düýş görýäň sen şuwagt!" diýýän özüme. Seniň hemme arzuwlaryň (Talyp bolmak, Daşary ýurtda bolup görmek we Messiniň Argentina bilen dünýä çempiony bolmagy) amala aşan bir ýagdaý...
Salam, sagboluň. Depdere ýazjak welin. Düýşlerim depdere ýazar ýaly däl. Biri göräýse 👀... Dädem aýdýa: "Seň ýazjak zatlaňam, görýän düýşleň, multfilmleň, kinofilmleň ýaly zat..." Gije ýatman fantastik kinolar görsem gaharlanardy. "Ýatyp ukla, düýşünede şuňa meňzeş zatlar girýä". 14.07.2014ý. Ýary gije futbol görüwotyryn. Dünýä Çempionatynyň finaly Germaniýa - Argentina. Dädem: "Ýat, ukla. Bar bilen nemesler çempion bolýa". Şol günden dör ýyl ozalam, 2010-njy ýylda çärýek finalda Nemesler Argentinany 4:0 utan oýuny dädem bilen gördüm. 😐. Dört ýyl soňam, 2018-de Argentinalylaryň fransuzlardan ýeňlişini dädem bilen gördüm. 2022 Katarda geçen dünýä çempionatynda Argentinanyň ilkinji oýnuny hem dädem bilen görüpdim we dädemiň aýdyşy ýaly...
Futbol bilen asla jynym jyňkyryşmaýan men - ilkinji gezek futbol hakdaky maglumaty gyzygyp okap gördüm 😅 Bir zatdan 11 ýyllap umyt üzmezlik👀 (berekella!) we giç hem bolsa hasyl bolmagy... Umytlarymy ýaşatmaga ylham...🌈🍃