Gir

Post

@janjennet-e jogap

Bellik: ,,hatda" sözi kese çyzyjakly ýazylmaýar, çünki bu sözde ,,hat" düýp söz däl, ,,-da" ownuk bölek däl, iki bogun bilelikde goşulma kabul etmeýän bitewi söz. Hatda -- [hatda:]  Güýçlendiriji ownuk bölek. Özüniň degişli sözüni ýa-da söz düzümini güýçlendirmek üçin ulanylýan söz.    ∙ Ol hatda öz pikirini Poltoraskä mälim etmäge-de ýetişmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim) Düşündirişli sözlük. Arapça ḥattā ‎حتَّّى‎ “+e dek, ta ki” sözcüğünden alıntıdır.Nişanyan sözlük. bağlaç, Arapça ḥattā  1) Bile, hem de  2) zarf Üstelik, ayrıca

Kitapda şeýle ýazylan (hat-da) bolsa-da ýalňyş.Çünki, kitap, gazet, žurnallarda-da ýalňyşlyklar bolup bilýär.Tehniki redaktoryň (ýalňyşlygy diýmäýin) säwligi kitapda köp bolýar.Hatda sözüne türkler leksik taýdan baglaýjy (bağlaç) diýýän ekenler.Bizde ownuk bölek.Emma bizde-de baglaýjy ýa-da modal söz diýilse dogry bolardy.,,Peşeden pil ýasaýar" diýmäň, köpçüligiň iň köp goýberýän grammatiki ýalňyşlygyndan teswiri okajak birnäçe kişä dogry maglumat bermek niýeti bilen..

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç