Post
Azady, Wagzy-Azat; we ş.m kän kitaplar bu mowzuk bilen bagly gollanma bolup biler. Wah, adam üçin edilesi iş kän-le :). Esasy zat şolary etmek üçin yhlas görkezmek, gaýrat etmek. Gowy tema deginipsiňiz! Hakykatdan hem "zähmet soňy rehnet". "Bizi öldürmeýän zat, bizi güýçlendirer" -Friedrich Nietzsche;
5 jogap
Nesip bolsa, bellige aldym. Hergün diýen ýaly kitaplaryň näçesi çykýar. Olardan habarymyz hem bolanok. Okamaly kitaplarymyz-a köp. Okaman döretmek kyn, okaman ýazmak kyn, okaman pikirlenmek hem kyn. Adam haýsy hem bolsa bir taglymata eýe bolmaly. Ugur saýlamak hem sonça wajyp. Ýol saylaman barjak ýeriňe gidip bolanok. Bir ýerden başlaman barmaly ýerine baryp bolanok. Umuman, diýseň diýip oturmaly ýazsaň ýazyp.
Gaty gowy :) umuman, arada bir kitap görüpdim, awtory ýadyma düşenok, ýöne kitabyň ady ýadymda galypdyr: "sen yürü, yollar sana görünür" (türkçe ekeni). Bu kitap näme hakda ýazylan bilemok welin, ady diýseň owadan ekeni. Men bu şygary gaty özüme ýakyn kabul etdim, we hakykatdan hem edil şol bolmasa-da şoňa meňzeşräk strategiýa bilen ýaşaýaryn. Öňe tarap haýsy hem bolsa özüme ýakyn bolan bir ýoly saýlap ýöräberýärin. Dowamy öz-özünden görünip başlaýar, eger soňy bar bolsa bardygy, ýok bolsa ýokdugy. Esasy zat ugur saýlamak we ýöremek, galany zähmet bilen aň, nesibe işi! Şu ýerde, Richard Branson'yň kitabyny we Virgin-yň döreýşiniň hekaýasyny belläp geçesim gelýär. Gaty täsin ösüş hekaýasy, gyzyklanyp görüň!
Gyzyklanma bilen okamagyňyz diýseň höweslendirýär. Hawa edilesi işleriň sany sajagy ýok, emma birzatlardan başlamagam gerek. Nämeden başlasamkam diýip wagtyň öterine garaöyp oturmagam gowy zat däl. Friedrich daýa düşünmek üçin aňyrybaş filisofiýa eýe bolmak gerek. Bu ägirdiň aýdan zatlary kän welin, şeýle adamlaryň bu dünýeden boş gidendiklerine gynanýan. Filosfiýa degişli gaty köp eseri miras edip gidipdir.