...

Nur Nur

@Nur

ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝADAKY ORNY WE JEMGYÝETÇILIK JOGAPKÄRÇILIGI

Häzirkizaman ekologiýa meseleleri diňe alymlaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da halkara guramalarynyň çäginde galmaýar. Olar gündelik durmuşymyzyň, pikirlenişimiziň we geljegiň gönüden-göni bir bölegine öwrüldi. Bu meseleleriň merkezinde bolsa, aýratyn bir jemgyýetçilik topary – ýaşlar durýar. Sebäbi geljek hem-de geljegiň nähili boljakdygy ýaş nesliň şu günki gün nähili karar kabul edýändigine baglydyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň hereketli, üýtgeşmelere açyk we täzelige çalt uýgunlaşýan gatlagydyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli, ýaşlar ekologiýa meselelerinde hem hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýärler. Ekologiýa bilen…

Ekologiýa we saglyk: arassa daşky gurşaw näme üçin ýaşaýyş şerti?

Adamyň saglygy köplenç lukmançylyk bilen baglanyşdyrylýar. Kesel – derman, operasiýa, hassahana. Emma saglygyň düýp özeni hassahanada däl-de, eýsem daşky gurşawda emele gelýär. Adam nämeden dem alýar, näme içýär, näme iýýär – bularyň ählisi onuň saglygynyň esasy binýadydyr. Şonuň üçin ekologiýa meselesi diňe bir tebigaty goramak bolman, eýsem adamyň ýaşamak hukugyny goramakdyr. Soňky ýyllarda dünýäde dürli keselleriň artmagy diňe genetika ýa-da durmuş stresleri bilen düşündirilip bilinmez. Howanyň hapalanmagy, suwuň hiliniň peselmegi, iýmit önümlerindäki himiki goşundylar adamyň…

GALYNDYLARY DOLANDYRMAK: ZIBIL MESELESIMI ÝA-DA MEDENIÝET MESELESI?

Häzirki wagtda şäherleriň köçelerinde, oba ýollarynda, hatda tebigatyň iň arassa görünýän ýerlerinde hem bir hakykat gözümize ilýär: zibil. Köp adamlar muny diňe arassaçylyk meselesi hökmünde kabul edýär. Emma aslynda galyndylar meselesi has çuň – bu jemgyýetiň medeni derejesiniň aýnasydyr. Zibil öz-özünden döremeýär. Ol adamyň sarp ediş endikleriniň, jogapkärçilik düşünjesiniň we gündelik saýlawlarynyň netijesidir. Bir plastik paket, bir gezeklik gap, zerur bolmadyk satyn alyş – bularyň ählisi zibil ulgamynyň bir bölegine öwrülýär. Şonuň üçin galyndylary dolandyrmak…

TÜRKMENISTANYÑ GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETI – REHIMDARLYGYŇ ASYL NUSGASY

Käbir seneler bolýar – olar diňe bir wagtyň geçişini däl, eýsem adamkärçiligiň näderejede ösendigini görkezýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň şanly 100 ýyllygy hem şeýle ähmiýetli wakalaryň biridir. Bu sene ýüz ýyllyk taryhyň dowamynda edilen işleriň jemlenmesi bolmak bilen bir hatarda, geljege gönükdirilen beýik maksatlaryň hem nyşanydyr. Guramanyň döremegi bilen başlanan ýol aslynda rehimdarlygyň ýoludyr. Ilkinji ýyllarda onuň işi has ýönekeý, emma diýseň zerur ugurlardan başlanypdy – ýaralananlara kömek etmek, keselleriň öňüni almak, ejir…

TÜRKMENISTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETINIŇ 100 ÝYLLYK ŞANLY ÝOLY – YNSANPERWERLIGIŇ MIZEMEZ SÜTÜNI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygy halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň beýany hökmünde giňden dabaralandyrylýar. Bu şanly sene diňe bir jemgyýetçilik guramasynyň baý taryhyny şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetimiziň ruhy-ahlak binýadynyň berkligini hem görkezýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly däp-dessurlarynda birek-birege goldaw bermek, ejize hemaýat etmek, kyn güne düşenlere kömek elini uzatmak ýaly ýokary ynsanperwer…

Howanyň üýtgemegi: adamzat nähili nokada geldi?

Soňky onýyllyklarda “howanyň üýtgemegi” diýen düşünje ylmy adalga bolmakdan çykyp, adamzadyň gündelik durmuşyna degişli meseleleriň birine öwrüldi. Bir wagtlar diňe alymlaryň hasabatlarynda we halkara maslahatlarynda agzalýan bu tema häzir tebigy hadysalaryň, ykdysady durnuksyzlygyň, hatda jemgyýetçilik dartgynlylygynyň sebäpleriniň biri hökmünde ýüze çykýar. Howanyň üýtgemegi indi geljek hakyndaky gorky däl – ol häzirki döwrüň hakykatydyr. Adamzat taryhynyň dowamynda tebigat bilen gatnaşyklary hemişe peýda almak ýörelgesine esaslandy. Senagat ösüşi, şäherleşme, energiýa islegi adamzat üçin amatly durmuş şertlerini döretdi.…

Daşky gurşawy goramak – geljegimiziň ruhy we maddy kepili

“Tebigatyň gözelligi onuň baýlygynda däl, onuň arassalygyndadyr”. Dünýäniň ähli künjeginde adamzadyň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri – daşky gurşawy goramakdyr. Tebigat diňe bir ýaşaýyş çeşmämiz bolman, eýsem, nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagynyň hem kepilidir. Şonuň üçin, daşky gurşawy goramak baradaky mesele diňe alymlaryň ýa-da ekologlaryň işi däl, eýsem, ähli jemgyýetiň, her bir adamyň öňünde duran beýik borçdur. Adamzat tebigatyň aýrylmaz bölegidir. Ýer, suw, howa we ösümlik dünýäsi – biziň ýaşaýşymyzyň diregidir. Emma soňky ýyllarda ylmy-tehniki ösüşiň…

TEBIGATY GORAMAK – BIZIŇ GELJEGIMIZIŇ KEPILI

Dünýäniň ähli ýurtlarynda tebigaty goramak, ekologiýa arassalygyny saklamak meselesi iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi diňe bir ykdysady ösüşe ýa-da ylmy-tehnologiki ösüşe bagly däldir. Adamzadyň ýaşaýşynyň binýady bolan arassa howa, süýji suw, baý toprak, ýaşyl tebigat, ösümlik we haýwanat dünýäsi aýawly saklanmasa, hiç hili ösüşiň gymmaty galmaz. Şonuň üçin ekologiýa – diňe bir tebigaty goramak däl, eýsem jemgyýetiň geljegini, nesilleriň abadançylygyny goramak diýmekdir. Adamzat müňýyllyklardan bäri tebigatdan giňden peýdalanyp…

TEBIGATY GORAMAK – GELJEKKI NESILLERIŇ YNAMY

Adamzadyň taryhy bilen bilelikde tebigat hem hemişe onuň ýanyndady. Arassa howasy, süýji suwy, baý topragy we dürli-dürli janly dünýäsi arkaly tebigat bize ýaşaýşy bagyş edýär. Ýöne soňky onlarça ýylda adamzadyň tebigata edýän täsiri örän güýçlendi. Şäherleriň ulalmagy, senagatyň ösmegi, tehnologiýanyň çalt depginde öňe gitmegi bilen daşky gurşawyň aýawsyz ulanylmagy daş-töweregimize uly zyýan ýetirýär. Şonuň üçinem, häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biri – ekologiýany goramakdyr. Biz gündelik durmuşda tebigatdan giňden peýdalanýarys. Ýöne onuň mümkinçilikleriniň çäklidigini ýatdan…

TEBIGATY GORAMAK – HER BIRIMIZIŇ BORJUMYZ

Tebigaty goramak diňe döwlet edaralarynyň ýa-da ekologiýa guramalarynyň işi däl. Her bir adam gündelik durmuşynda daşky gurşawa bolan hormatyny görkezmeli. Biz näçe kiçi hem bolsa ädim ätsek-de, ol tebigatyň geljegine täsir edýär. Suwy we energiýany tygşytlamak, zyňyndylary tertiplemek, gaýtadan işlemek – bularyň hemmesi daşky gurşawy goramagyň esasy usullarydyr. Şeýle-de bolsa, iň möhüm zat – düşünje we terbiýe. Eger çagalar ýaşlykdan tebigata hormat goýmagy öwrenýän bolsalar, geljekde olary goramak has aňsat bolar. Tebigat adamzadyň ýaşaýşynda örän…