sci-fi writer, geographer
Zibil adalary: Okeanlaryň syrly ülkesi
2 minut alar
Zibil adalary: Okeanlaryň syrly ülkesi
Dünýä ummanlary tebigy gözelligi we baý biodürlüligi bilen tanalsa-da, soňky ýyllarda ýene bir hadysa ýüze çykdy: Zibil adalary. Bu adalar deňizlerde we ummanlarda toplanan plastik galyndylaryň ägirt uly toplumydyr. Emma bu adalaryň diňe bir daşky gurşawa howp salmaýandygyny, olaryň resmi ýurt bolmak mümkinçiliginiň bardygyny bilýärdiňizmi?
Demirgazyk Ýuwaş ummanyndaky Fransiýanyň territoriýasynyň meýadanyny geçýän bu ägirt uly hapa üýşmegi, Plastic Oceans Foundation (Plastik Okeanlar Gaznasy) we LadBible ýaly guramalaryň ünsüni özüne çekdi. Bu guramalar, Zibil adalarynyň ýurt hökmünde ykrar edilmegi üçin herekete geçdiler. Ýöne näme üçin?
Ýurt bolmak bilen baglanyşykly kanuny jogapkärçilikler bilen beýleki ýurtlaryň bu adalaryň ekosistemasyny goramak we arassalamak meselesini öz üstüne almagy maksat edinilýär. Mundan başga-da, bu "ýurduň" baýdagy, pasporty we hatda "Debris" atly pul birligi taýýarlandy. ABŞ-nyň öňki prezident kömekçisi Al Gor ýaly tanymal şahsyýetler Zibil adalarynyň hormatly raýatlary bolmaga razy boldular. Başgada birtopar ekoaktiwistler bu döwletiň raýaty bolmak üçin passport talap edýär.
Okeanda Fransiýanyň ululygyndaky zibil üýşmeginiň bardygyny ýatladýan LadBible, bu taslamanyň ähmiýetine "samsyklyk" hökmünde garaýanlara bu hakykata täzeden garamagy maslahat berýär.
Bu hereket diňebir ýurt bolmak islegi bilen çäklenmeýär. Esasy maksat, ummanlaryň plastik hapalanmagyna ünsi çekmek we bu meseläni dünýä derejesinde çözmek. Bu ugurda ädimler ädilmese, ummanlardaky plastmassanyň agramynyň 2050-nji ýylda balyklaryň agramyndan ýokary bolmagyna garaşylýar.
Netijede, Zibil adalary daşky gurşaw meselesini we halkara mümkinçiligini görkezýär. Bu adalaryň bir ýurda öwrülmegi, dünýädäki barha ösýän meselä ünsi çekmek üçin özboluşly strategiýadyr. Belki, ýakyn geljekde ummanlaryň bu syrly "ýurdy" sebäpli plastik hapalanmagyna garşy göreşde täze sahypa açylar.
Çeşme:
https://www.cnnturk.com/yasam/bmye-dunya-uzerinde-196-ulke-olmak-icin-basvurdular