Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Üstünlige ýetmek üçin diplom hökmanmy?

1 minut alar

Iñ köp soralýan soraglaryñ biri: men uniwersitetde okaýan welin uniwersitetde okap öwrenen zadym ýok. Men öwrenýän zatlarymy okuw merkezlerine gatnap okasam has gowy öwrenýän has gowy netije alýan. Men onda näme üçin uniwersitet okamaly? Sen diplomuñ bolmasa hakyky durmuşa girip gidip bilmeýäñ. Meselem seni lukman, mugallym we şeýle kärlere sen nahili ökde bolsañam işe almaýarlar, sebäbi seniñ diplomyñ ýok. Bu koorporatiw dünýäniñ goýan kanuny sen mugallym ya-da lukman bolup aýlyk hakly işde işlejek bolsañ seniñ hökman diplomyñ bolaýmaly. Hawa, diplomsyz edip bolyan işlerem bar telekeçilik, kompýuter programmirlenme we ş.m. Kompýuter programirlenmede seniñ diplomyñ gerek dal olara seniñ netijañ (biznes rezultatyñ) gerek. Üstünlige ýetmek üçin diplom bolmaly diýilen zat ýok. Mysal üçin: Mark Sukerberg (Meta), Mikail Dell (Dell kompyuterler), Benjamin Franklin, Genri Ford, Ingwar Kamprad (IKEA), Jeýms Kameron, Jerry Yang (Yahoo), Joyse K. Hall (Hallmark), Wolt Disneý, Tomas Edison, ... Bular uly üstünliklere ýeten ýönekeýje adamlar. Ýöne olaryñ hiç biri ýokary okuw jaýlaryny ýa-da kollejleri doly tamamlamadyk. Diýmek üstünlige ýetmek üçin diplom hökman dal ekeni. Durmuşda üstünlik gazanmak üçin elmydama derejeli bolmaly diýip pikir edýärsiňizmi? Onda okuw size peýdaly boljak bir derejedir.
114 |
|