Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ürkdi gitdi

1 minut alar

 

Elden, ol-a emel eken,

Eýse, indi erk-de gitdi.

...Elli ýaş ─ tüýs neme... eken,

Gitdi, menden görk-de gitdi...

 

Aýby ýok, munuň hiç aýby,

Asla, ýok öýlenjek gaýgym.

Çal ýeller başdan aýagmy,

Çaňy bilen örtdi gitdi.

 

Ýat boldy hoşzyban dilber,

Ýada düşse, ýürek dilner.

Asal-asal sözlän diller,

Ajysyny pürkdi gitdi.

 

Ömrüm şemdir ─ ýyldyr-ýyldyr,

Öçüp barýar. Niçik ýyldar?!

Duşdan göç geçirip ýyllar,

Böwrüme bir dürtdi gitdi.

 

Goşgy goşýan ─ göwne melhem,

Getirýär ol biraz pul hem...

Görüň, bu gün ol hem, ol hem,

Meger, menden ürkdi gitdi?!

Annamuhammet Kirşenow

51 |
|