Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Tizlik

3 minut alar

Kompýuterlar ýa-da elektron hasaplaýyş maşynlar (EHM) dünýäsi göräýmäne örän syrly we jadyly. Olar ýerine ýetirýän işlerini nädip başarýalar! Oýun oýnaýalar, surat çekýäler, çyzgylary çyzýalar, hatda siziň bankdan alan karzyňyzy nädip üzmelidigini “bilýäler”. Bu enjamlar geň we üýtgeşik zatlar edýändiklerine garamazdan aslynda olaryň içki gurluşynda  ýönekeý işler gidip durýar we bir wagtyň özünde ol işleriň diňe birini ýerine ýetirip bilýäler.   Olaryň ýerine ýetirýän işleri çylşyrymly ýaly bolup görünsede, aslynda enjamlar köp mukdardaky ýönekeý işleri bir-biriniň yzyndan az wagtyň içinde edýäler. Netijede, meselem wideo oýunlary, daşyndan  çylşyrymly ýaly bolsada, aslynda ýönekeý, diňeje örän örän “çalt”.          Komýuterlaryň gurluşy az sanly anyk ýönkeý zatlary etmek we bu zatlary çalt ýerine ýetirmek üçin düzülendir. Haýsydyr bir ýönekeý işleriň nähili tertipde edilmegi, kompýuterlaryň bellenen wagtda haýsy işi ýerine ýetirýändigini kesgitleýär. Emma kompýuterlaryň edýän işi olaryň “çäkli ukyplarynyň” daşyna çykmaýar. Kompýuterlaryň gurluşynyň aslynda nämelerden ybaratdygyny göreniňizden soň olaryň ýerine ýetirýän işlerini nädip başarýandyklaryna, nähili zatlar edip bilýändiklerine we nähili zatlary edip bilmeýändiklerine düşünersiňiz. Şeýlelikde, kompýuterlaryň we EHM-leriň syry olaryň çylşyrymly bolmagynda dälde eýsem olaryň “tizligindedir”.
Kompýuterlar elektrik togy bilen işleýändikleri üçin olaryň tizligi elektrik togy bilen baglanşyklydyr.  Mekdepde yşygyň tizligi 300000 km/s (186000 mil/s) diýip öwrenensiňiz. Bu gaty çalt. Yşyk şu tizligi bilen ýeriň daşyndan bir sekuntda ýedi gezek aýlanýar, ýer şaryndan aýa bir ýarym sekuntda barýar. Elektrik togunyň yşyk bilen meňzeş birnäçe häsiýetleri bar . Elektrik togy simiň içinden geçende yşyk tizliginiň ýarsyna çenli peselýär. Emma, bu tizligem gaty çalt, ýer şarynyň daşyndan bir sekuntda üç ýarym gezek aýlanýar.
Deňeşdirmek üçin bir mysal getireliň. Tomusyň yssysynda wentilýatoryň öňünde otyrys. Wentilýatory iň güýçlisinde goýduk we ol gaty çalt aýlanyp pyçaklary bulaşyk görnüp başlandy. Emma ol diňeje sekuntda 40 gezek aýlanar. Pyçaklaryň biriniň ujy bir sekuntda 46 metr aýlanýar. Şeýlelikde ol 35 sekuntda bir ýarym kilometr aýlanýar. Emma onuň içindäki elektrik akymy bir sekuntda bir million gezekden gowrak aýlanýar. Million örän uly san.
Indi bolsa kompýuteriň içindäki 30 santimetr aralykda aýlanýan elektrik akymyny göz öňüne getireliň. Kompýuter şol aralykda bir sekuntda 500 milliondan gowrak iş ýerine ýetirip bilýär. 500 million. 
Kompýuteriň gurluş bölekleriniň arasyndaky aralygy göz öňüne alsak, olaryň käbirleri 30 santimetrdan hem az. Aralygy has ýakyn iňňän kiçi böleklerem bar. Aralyk nähili ýakyn bolsa elektrik akymy hem örän çalt syýahat edýär. Şu zatlary pikir etsek häzirkizaman kompýuterlaryň bir sekuntda näçe sany işleri  ýerine ýetirýändiklerini göz öňüne getiriň. Kompýuter öndürijileri her ýyl öňküsindenem has gowy tizlikde işleýän kompýuterlar öndüýärler. Aslynda olaryň ýetip biljek aňrybaş nazary çägi bolsada inženerlar bu çäkleri geçmekde işler alyp barýalar. 
Şu wagta çenli has çalt, has arzan bahadan, has kiçi kompýuterlar we EHM-ler öndürilsede, olaryň işleýiş düzgüni ilkinji gezek döredilen gününden bäri üýtgemedi. Olar entegem ýönekeý işleri örän çalt tizlikde, arzan bahada, kiçi göwrümli gutularyň içinde ýerine ýetirýäler. 


Salgylanma : John Clark Scott, “BUT HOW DO IT KNOW? The Basic Principles of Computers for Everyone”

6 |