sci-fi writer, geographer
Tanalmaýan döwletler
3 minut alar
Bu zatlary geografiýa sapagynda öwrenmediňiz: Ykrar edilmedik döwletler.
Dünýäde BMG we beýleki halkara guramalary tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedik, ýöne öz hökümetleri, serhetleri we ilaty bolan birnäçe 'döwletler' bar. Bu "tanalmaýan döwletler" köplenç öz taryhyny, medeniýetini, adamlaryny gorap saklamak üçin göreşseler-de, köplenç syýasy we ykdysady taýdan çetde durýarlar. Bu makalada bu ykrar edilmedik döwletleriň birnäçesine jikme-jik durup geçeris.
1. Transnistriýa (Pridnestrovskaia Moldavskaia Respublica)
Moldowanyň gündogarynda ýerleşýän Transnistriýa Respublikasy 1990-njy ýylda Moldowadan garaşsyzlygyny yglan etse-de, häzire çenli halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmeýär. Rus, moldowan we ukrain dilleriniň resmi dil hasaplanýan Transnistriýada sowet nyşanlary häzire çenli giňden görülýär. Ýurduň ykdysadyýeti esasan senagat önümçiligine esaslanýar.
2. Abhaziýa we Günorta Osetiýa
Gruziýa döwletiniň çäginde ýerleşýän bu iki sebit 1990-njy ýyllaryň başynda garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, 2008-nji ýyldaky Gruziýa-Russiýa urşundan soň Russiýa tarapyndan bu iki döwletiň garaşsyzlygy ykrar edildi. Ýagny bu döwletleri diňe Russiýa we käbir döwletler (Nikaragua, Wenesuela, Nauru we Siriýa) tanaýar. Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň öz hökümetleri we harby güýçleri bar, emma ykdysady we syýasy taýdan Russiýa baglydyr.
3. Dagly-Garabag Respublikasy (Artsak döwleti)
Dagly-Garabag döwleti Azerbaýjanyň günbatarynda ýerleşýän sebit. 1992-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda garaşsyzlygyny yglan etdi. Birnäçe döwletler we halkara guramalar Dagly-Garabagyň garaşsyzlygyny goldamaýar we Azerbaýjanyň bir bölegi hasaplamaklaryny dowam etdirýär.
Üýtgeşme:
30.09.2023 senesinde bu sahypa üýtgeşme girizildi.
Daglyk-Garabag döwleti 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda ýaşamasyny bes edýär. Tanalmaýan döwlet ýykyldy we Azerbeýjan öz toprak bitewiligni ele aldy.
Çeşme: http://kitapcy.ru/news/dowam_etmegini_bes_eder/2023-09-30-28371
4. Somaliland
Somaliland 1991-nji ýylda Somali döwletiniň çäginde garaşsyzlygyny yglan eden bir territoriýa. Emma bu garaşsyzlygy BMG-niň hiç bir agzasy ykrar etmeýär. Somaliland konstitusion demokratiýa bolup, onuň öz pul, pasport we hökümeti bar.
5. Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy
Kipr adasynyň demirgazygynda ýerleşýän Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy 1983-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etdi. Emma bu döwleti diňe Türkiýe ykrar edýär. 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda bu döwlet "Türki döwletleriň guramasy"na gözegçi döwlet hökmünde agza boldy. Türkiýeden başga hiçbir döwlet Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň garaşsyzlygny goldamaýar.
6. Taýwan (Hytaý Taýpeýi)
Bu ada döwleti Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan Hytaýyň bir bölegi hasaplanylsa-da, onuň öz hökümeti we ykdysadyýeti bar we birnäçe otuza golaý döwlet Taýwany garaşsyz diýip ykrar etse, galan döwletler ony Hytaý Halk Respublikasynyň bir bölegi hökmünde garaýar. Taýwan döwleti olimpiýa oýunlaryna we käbir sport ýaryşlarynda öz resmi ady we milli baýdagynda çykyp bilenok, ornuna özleriniň milli olimpiýa komitetiniň baýdagynda we Hytaý Taýpeýi (Chinese Taipei) adynda çykyş edýär.
Dünýäde bulardan başgada birnäçe tanalmaýan döwletler bar olaryň hersine aýratyn maglumat berip çyksak, makalamhz uzar gider şol sebäpden şu ýerde bes etmegi makul bildim.
Çeşmeler:
- https://en.m.wikipedia.org/wiki/Transnistria
- Coene, F. (2010). The Caucasus - An Introduction. Routledge.
- Cornell, S. E. (2011). Azerbaijan Since Independence. M.E. Sharpe.
- Hoehne, M. V. (2009). Mimesis and mimicry in dynamics of state and identity formation in northern Somalia. Africa, 79(2), 252-281.
- Dodd, C. H. (1993). The Cyprus Imbroglio. The Eothen Press.
- Bush, R., & O'Hanlon, M. (2007). A War Like No Other: The Truth About China's Challenge to America. Wiley Publishing.