13 minut alar
Nägehan yşk / hekaýa
Muny oňa, meýlis başlansoň dosty aýtdy. Şol bada-da, çagalykda “salýut” edişleri göz öňüne gelip gitdi. ...Gün ýaşansoň, assyrynlyk bilen öýden otluçöp gabyny çilerdiler. Soňam, ululaň gözýeterinden çekilip, tomaşa gurnardylar. Otluçöpüň birini çyzaga-da, ol tutaşan badyna gutujygyň içine dykyp, güýjüň ýetdiginden ýokarylygyna oklap goýberersiň. Karton gap, al-asmanda bir “pažž” eder-de, ýalpyldap gider... Bolany. Bezzatlar üçin bar keýpem, şol ýeke pursatlyk “pažž”-da... ***** ...Dosty, şum habaryny, yllabir dünýäsygmaz syr aýdýan mysaly, gulagyna çawuş çakanda, oňam göwnüne bolmasa,…
