1 minut alar
Hemişe bolşy ýaly (Tymsal)
Gagym döwürde Günorta Gresiýadaky Lakoniýa diýlen ýurtda ýaşan lakonlar (olara şol ýerdäki şäher-döwletiň ady boýunça spartalylar hem diýilýär) örän merdanalygy, sada durmuş ýörelgesi hem-de iňňän ýowuz tälim-terbiýesi bilen tapawutlanypdyrlar. Lakonlaryň ýene bir häsiýetli aýratynlygy – az sözlülik bolan. Olar öz pikir-duýgularyny gysgadan manyly jümlä sygdyrypdyrlar, jogaplary bolsa birki sözden ybarat bolupdyr. “Daş heýkeller hem biziň ogullarymyzdan köp gürleýändirler” diýip, spartaly gojalar degişer ekenler. Häzirki wagtda hem çöp döwen ýaly gysga we anyk jogaba “lakonik jogap”…