Sosialogiýa

Meniň düşünýän hem-de düşünmeýän zatlarym...

"Doýanyna dokuz gün, semränine sekiz gün..." Halk pähimi. Enem kä bir pisindi oturmaýan adamsyna “Hýäk bende, doýanyna dokuz gün , semränine sekiz gün-diýileni-dä. Taňryň beren gününi göterinmäge-de i:njik gerekdir- diýerdi...Meniň çaga aňym ol wagtlar bu sözleriň birine-de düşünmeýärdi. I:njik küje, Taňry küje?.. Asla, ol sözler düýbünden başga zatlar barada aýdylan ekeni. Her iýmişiň öz möhleti bolşy ýaly halkyň mizemez paýhasyna ýetmek üçinem wagt gerek bolýar. Men, inçeden aýlawly bu paýhasyň, bary-ýogy görümsiz göterimler baradalygyna, has…

Meniň düşünýän hem-de düşünmeýän zatlarym...

Hudožnik kim? –diýip sorag saldylar...

Geň zat-Hudožnik-diýlende, ony hemme kişi tanaýan ýaly... Ýöne, onuň kimdigini welin bilýän ýok... Onuň kimligini Hudožnigiň özem bilmeýärmikän diýýärin. Çünki, gözüne ilen tegmilden keşp ýasamaga, göwün hyýaly gözünden uçmanka, ony kalbyna salmaga howlugyp ýörşüne, özi barada pikir etmäge, onuň wagty hem ýetmeýär... Ýakup Annanurow iş ornunda. Göwün hyýalyny, ömür salyny Gözlerniň nuruny reňklere eýläp Möwjy:za döredýär-ajaýyp dessan Soňra hiç kim bilmez ony gaýtalap... Maral Annanurowa iş ornunda. Hawwa, Hudožnigi gaýtalamak mümkin däl. Ony diňe göçürmek…

Hudožnik kim? –diýip sorag saldylar...

Häsiýet-ykbaly taplaýar. Meniň “men” bolmagyma ýeten täsirler...

Hawwa, durmuş şertleri häsiýetiň kemala gelmegine täsirini ýetirýär. Tutanýerli, erjel häsiýet ykbaly, durmuşy özgerdýär. Bizem, çagalykdan, her kimiň öz orny, öz borjy, kesgitli maşgalada-berk düzgünde terbiýelenipdik. Berk düzgün...Ol-ýaşymyzyň, ýagdaýymyzyň çataýjak işi tabşyrylyp, ýokary netijäni aňladardy. Edil. haýal-ýagallyk ýaly harsallygam hasaba geçmezdi. Diňe, ýokary hilli zatlar, kanagatly hasaplanýardy. Nahar siňňin bişmeli, iş sünnä bolmaly. Öý-işik, gap-gaçlar ýalpyldap durmalydy.. Şeýle talapkär häsiýeti üçin ejemiň daşyndan ýörgünli ady- “TK”- tehniki kontroldy. Uly-kiçi, hemmämiz şol kontrola boýundyk. Belki, şol…

Häsiýet-ykbaly taplaýar. Meniň “men” bolmagyma ýeten täsirler...

Düşünenler bilen galasym gelýär...

M. Annanurowa, “Aşgabatda säher çagy” Sag-aman daň atýar-ýagtylýar jahan Guşlaryň dilinde ýüz dürli kelam Zemine ýaýylýar-Kelamlar başy- Es-salam giň dünýä, es-salam ynsan- Netiň abat bolsun-päliň abadan!!! Meniň pikirimçe: Bar zadyň özi-özi hakynda iň takyk maglumat berip durkan, hakykata deňeşdirmäň üsti bilen göz ýetirip bolýar! Hawwa, bu ýazgylar, meniň köp ugurly döredijiligime-surat sergilerimdir merkezi metbugatdaky çykyşlyryma bolan gyzyklanmalara, “Watan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan berilen jogap bolmaly. Sebäbi meniň çeper döredijilikden başga-da, arhitekturanyň taryhy we şu güni, 90-njy…

Düşünenler bilen galasym gelýär...

Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr

“Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr.” Çarlz Darwin. Döredijilik- ynsan göwnüniň sudura giren keşbi bolansoň, eseriň “tagamyny almak” üçin ilki bilen awtoryň göwün ýaýlasynyň “howasyny” duýmak zerurdyr. M. Annanurowa, “Ak göwne tagzym” Sen şeýle kiçiňiň hem şeýle giňdiň Bu gün bolsa buz üstünde lowlaýaň Gözüň görejinde ýer tapan Göwün Neçün giň jahana sygmajak bolýaň Ýatlamalaň dünýesinde ylgaşlap Surnugaňda arzuw a:tly salgymdan Gyrtyç basan köne güzeriň taşlap Torgaý bolup galgap gaýtdyň ýaýlamdan Haýsy…

Tebigatda her bir zat-diňe özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr